Ispaniýanyň Walensiýa şäheri 2024-nji ýylda Ýewropanyň “ýaşyl” paýtagty bolar. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri şu ýylyň “ýaşyl” paýtagty Fransiýanyň Grenobl şäherinde geçirilen gala agşamynda yglan etdiler. Ondan öň Witoria-Gasteýs 2012-nji ýylda bu ady göteren Ispaniýanyň ýeke-täk şäheridi.

2010-njy ýyldan bäri Ýewropa Komissiýasy tarapyndan berilýän 600 müň ýewro pul baýragy, esasan, şäher ekologiýasynda Ýewropanyň “ýaşyl” ýörelgesine, 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň biodürlüligi goramak strategiýasyna, BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasyna we beýleki zerur taslamalara ygrarlylygy üçin berilýär.

Walensiýa öz dalaşgärligini gorap, şäherde 594 gektar “ýaşyl” meýdanlarynyň döredilmegi ýa-da paýtagtyň köçelerinde 7,41 inedördül metr ýere gök agaçlaryň ekilmegi bilen baglanyşykly “ýaşyl” taslamalary hödürledi. Walensiýalylaryň 70 göteriminiň öýleriniň töweregini “ýaşyl” meýdan eýeleýär.

2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň “ýaşyl” paýtagty derejesi Fransiýanyň Grenobl şäherinden Estoniýanyň paýtagty Tallin şäherine geçer.

Geçen ýyllarda Stokgolm, Gamburg, Kopengagen, Nant, Oslo we Lissabon Ýewropa Bileleşiginiň “ýaşyl” paýtagtlary bolupdylar. Iň azyndan 100 müň ilaty bolan şäheri saýlamak üçin daşky gurşawyň 12 görkezijisi göz öňünde tutulýar: howanyň hili, suwuň hili, gohuň derejesi, ýerden durnukly peýdalanmak, galyndylary dolandyrmak, howanyň üýtgemegi, durnukly hereket.

Ýewropa Bileleşigine resmi agza 27 ýurtdan başga-da, Ýewropa Bileleşigine dalaş edýän ýurtlar Türkiýe, Çernogoriýa, Makedoniýa, Serbiýa, Albaniýa we Islandiýa, şeýle hem Ýewropa ykdysady zolagynyň ýurtlary – Şweýsariýa, Norwegiýa we Lihtenşteýn bolup durýar.