Dünýäniň iň köp ilatly ýerleriniň biri bolan Nýu-Ýorkuň Manhetten etrabynda Beýik binalaryň ýene biri peýda bolar. Şäheriň “Empire State”, “Woolworth”, “Chrysler Building” ýaly meşhur binalary bu etrapda ýerleşýär. Şäherde beýik binalaryň sany artmagyny dowam edýär. Bu ýerde “Foster + Partners” binagärlik-gurluşyk kompaniýasy “50 Hudson” atly ýene bir beýik binanyň gurluşygynyň tamamladylar. Gurluşygyna 2018-nji ýylda başlanan taslamany durmuşa geçirmek üçin sarp edilen pul serişdesiniň mukdary 4 milliard dollar töweregi boldy. Beýikligi 308 metre barabar bolan bina 58 gatly bolup, 38 lift hereket edýär. Umumy meýdany 280 müň inedördül metr bolan binany gurmak üçin, takmynan, 90 müň kub metr beton, 11 müňden gowrak aýna panel we 27 müň tonna barabar metal gurluş ulanyldy.

Binanyň aşaky gatynda restoran, söwda merkezleri we dükanlar ýerleşýär. Binanyň ýokarky gatlarynda myhmanhana, iş otaglary we öýler bar.

Rahat Hojaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby