Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçynyň wezipesine Ýazdursun Gurbannazarowany saýlady. Milli Parlamentiň “Adalatçyny saýlamak hakynda” degişli Karary Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda kabul edildi. Adalatçynyň işi ynsanperwer ulgamda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň degişli Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.
Dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň tejribesini nazara almak bilen, Adalatçy tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet derejesinde goralmagyny hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň olary berjaý etmegini we hormatlamagynyň mäkäm kepilliklerini döredýär. Täze Kanunda göz öňünde tutulyşy ýaly, parlamentarileriň garamagyna üç adamyň kandidaturasy hödürlendi, halk wekilleri gizlin ses bermek arkaly olaryň birini saýladylar.
Adalatçy – ombudsmen gadymy skandinaw dilindäki “umboð” sözünden gelip çykyp, “wekilçilik, ygtyýarlylyk, ygtyýar” diýen manylary berýär. Ombudsmen – käbir ýurtlardaky ýerine ýetiriji häkimiýet organlarynyň we wezipeli adamlaryň işlerinde raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramakda gözegçilik işi ýüklenen jogapkär wezipeli adam. Bu wezipäniň resmi atlandyrylyşy dürli ýurtlarda tapawutlydyr. Ilkinji gezek parlament ombudsmeniniň wezipesi 1809-njy ýylda kabul edilen esasy kanuna laýyklykda, Şwesiýanyň Riksdagynda (milli parlamentinde) esaslandyrylypdyr. Uzak wagtlap, bu wezipäni döretmek ideýasy Şwesiýadan beýleki hukuk ulgamlarynda kabul edilmändir. Emma wagtyň geçmegi bilen ombudsmen wezipesi şwed nusgasy boýunça beýleki Günorta Ýewropa ýurtlaryna – 1919-njy ýylda Finlýandiýada, 1952-nji ýylda Norwegiýada, bir ýyl soňra bolsa, Daniýada girizilipdir. Täze Zelandiýa 1962-nji ýylda ombudsmen wezipesini girizen ilkinji Ýewropa girmeýän ýurtdur. Häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda ombudsmen wezipesi bar.