Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki döwletiň arasynda dürli ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi köp babatda gadymy döwürlerden bäri dostlukly halklarymyzy birleşdirýän taryhy we medeni umumylyk bilen şertlendirilendir.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şol bir wagtda ýurtlaryň ikisi-de sebitde amala aşyrylýan iri energetika hem-de kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şeýle-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasyny görkezmek bolar.
Umumy pikire görä, bu uly möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady, düzümleýin ösüşine täze itergi berip, parahatçylygyň, durnuklylygyň baş şertini emele getirer.
Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly kanunçylyk ulgamynda tejribe alşylmagyna, parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň guralmagyna uly ähmiýet berilýär.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani birek-birege berk jan saglyk, bagt we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş arzuw etdiler.