Paleontologlaryň ýüze çykaran iň gadymy ösümligi goja Zeminde durmuşyň döreýşi baradaky ähli çaklamalary üýtgetdi. Merkezi Hindistanda alymlar Madhýa-Pradeş ştatynyň Çitrakuta şäheriniň töwereklerinden Ýerde 1,6 milliard ýyl ozal ösen iň gadymy ösümligiň daşa öwrülip giden galyndylaryny ýüze çykardylar.
Mundan ozal, şunuň ýaly suw otlary Ýerde has giçki döwürde ýüze çykypdyr diýlip hasap edilýärdi. Şwesiýaly alymlar hem bu tapyndyny barlanlaryndan soň, juda geň galdylar. Mundan ozal, barlag geçirijilere 1,2 milliard ýyl çemesi ozalky gyzyl suwotyny tapmak başardypdy. Alymlar häzirki tapyndynyň mundan ozalkylaryň ählisinden gadymydygyny we Ýeriň taryhynyň kökleriniň has çuňluklara uzaýandygyny belläp geçýärler. Geçirilen barlaglar ösümligiň bu görnüşiniň morfologik aýratynlygyny ýüze çykarmaga ýardam berdi.