Bat­hyz go­rag­ha­na­sy­nyň aý­ra­tyn haý­ran gal­dy­ry­jy gö­zel­lik­le­ri­niň bi­ri hem pis­se to­kaý­ly­gy­dyr. Pis­se­le­riň eme­li däl-de te­bi­gy taý­dan bit­me­gi türk­men te­bi­ga­ty­nyň bir gud­ra­ty­dyr.
Pis­se hoz­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, äh­li top­rak­lar­da ös­mä­ge ukyp­ly­dyr. Te­bi­gy pis­se­lik­ler Mer­ke­zi Azi­ýa­da, Za­kaw­ka­zi­ýa­da, Krym­da duş­ýar. Mer­ke­zi Azi­ýa­da uly pis­se­li ýer­ler Tä­ji­gis­tan­da, gü­nor­ta Öz­be­gis­tan­da, Türk­me­nis­tan­da, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da bar. Bir gek­ta­ra deň bo­lan te­bi­gy pis­se­lik ýer­ler­de 100-180 düýp­den gow­rak pis­se aga­jy ös­ýär. Pis­se to­kaý­ly­gy daş gör­nü­şi bo­ýun­ça sa­wan­na meň­zeş­dir. Agaç­lar bi­ri-bi­rin­den has açyk­lyk­da ösüp, ola­ryň şa­ha­la­ry beý­le­ki­le­riň­ki bi­len gal­taş­ma­ýar. Pis­se aga­jy 300-500 ýy­la çen­li ýa­şap bil­ýär.
Pis­se ga­dym eý­ýam­lar­dan bä­ri yn­san sag­ly­gy­na peý­da ber­ýän tä­sin ösüm­lik­dir. Pis­se aga­jy ba­ra­da­ky ýat­la­ma­lar ba­ryp bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki V asyr­da hem duş gel­ýär. Rim­li­ler özü­niň Azi­ýa eden ýö­riş­le­rin­de pis­sä­ni Ita­li­ýa ge­ti­rip­dir­ler, ol ýer­den bol­sa Is­pa­ni­ýa äki­di­lip­dir. X asyr­da pis­se aga­jy Mer­ke­zi we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka dü­şüp­dir.
Pis­se aga­jy gu­rak­çy­ly­ga örän çy­dam­ly ha­sap­la­nyl­ýar. Bu aga­jyň bo­ýy 6-7, kä­ha­lat­lar­da 10 met­re çen­li ýet­ýär. Gy­rym­sy gör­nüş­le­ri köp bal­dak­ly bo­lup, bo­ýy 2-3 met­re ba­ra­bar­dyr. Pis­se aga­jy­nyň ga­ba­ra­sy uly, köp pu­dak­ly, şar şe­kil­li bo­lup, onuň dia­met­ri 5-6, kä­ha­lat­lar-da 10 met­re ýet­ýär. Ýap­rak­la­ry açyk ýa­şyl reňk­li bo­lup, gül­le­ri süb­se­lik şe­kil­li gül top­ba­gyn­da jem­le­nen­dir.
Mi­we­si ýu­ka­jyk mi­we­ýan­ly şä­nik, uzyn­ly­gy 17 mil­li­met­re ba­ra­bar bo­lup, aw­gust aýyn­da ýe­tiş­ýär. Or­ta­ça ha­syl­ly­ly­gy bir düýp agaç­dan 1-6 ki­log­ram, ýo­ka­ry ha­syl­ly­lyk 15 ki­log­ram­dan gow­rak bol­ýar. 60-80 ýaş­ly pis­se­ler köp ha­syl ber­ýär­ler. Pis­sä­niň bal­dak­la­ry örän ga­ty, agyr, go­ňur reňk­li bo­lup, ýal­pyl­da­wuk bol­ýar. Şol se­bäp­li bal­dak­la­ry me­bel se­na­ga­tyn­da ula­nyl­ýar. Pis­sä­niň kö­ki onuň ýer üs­ti or­gan­laryn­dan çalt ös­ýär. Köp ýa­şan pis­se­le­riň kök­le­ri 7-10 metr çuň­lu­ga gid­ýär. Pis­sä­niň mi­we­si dün­ýä ba­za­ryn­da iň bir gym­mat­ly mi­we hasap­la­n­ýar. On­da gü­ne­ba­kar­da­ky­dan 1,5-2 es­se köp ýag bo­lup, onuň ta­ga­my ýo­ka­ry hil­li hoz we zeý­tun ýag­la­ry­nyň­ky­dan pes däl­dir. Pis­sä­niň maň­zyn­da 24% be­lok, 13% ug­le­wod, 60-80% ýag bar. Şol se­bäp­li onuň mi­we­si azyk we kon­di­ter önüm­le­rin­de giň­den ula­nyl­ýar.
Pis­se hoz­ja­gaz­la­ry şol dur­şu­na we duz­la­nan gör­nüş­de iýil­ýär, şo­nuň ýa­ly-da süýjülikleri, şo­ko­lad­la­ry, doňdurmalary, şöh­la­dyň ýo­ka­ry sort­la­ry­ny taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ýar. Pis­sä­niň mi­we­sin­den baş­ga-da ter­rak­tin at­ly şep­bi­gi gym­mat­ly zat ha­sap­lan­ýar we ýo­ka­ry hil­li çe­per­çi­lik reňk­le­ri ön­dür­mek­de ula­nyl­ýar. Pis­se aga­jy­nyň ýap­rak­la­ryn­da­ky dü­wür­li ösünt­gi­ler­den (buz­gunç) eý­leý­ji mad­da­lar al­nyp, ha­ly do­ka­lan­da ýü­ňi we ýü­pe­gi gyr­my­zy-go­ýy gy­zyl reň­ke bo­ýa­mak üçin ula­ny­lyp­dyr. Pis­se önüm­le­ri halk luk­man­çy­ly­gyn­da aş­ga­zan, öý­ken, ba­gyr ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek­de giň­den ula­nyl­ýar.

Ha­ýyt­baý Gy­ly­jow,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my, yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň kandi­da­ty, do­sent.