It irki döwürlerden bäri adamzadyň ýakyn ýoldaşy bolup, öýi, sürini goramaga, aw etmäge, ulag serişdesiniň barmaýan ýerlerine poçta äkitmäge, ys alyjylygy esasynda ýiten zatlary tapmaga kömek edipdir. Häzirki wagtda itleriň jemgyýetdäki orny giňäp, olaryň hyzmatyny köp ýerlerde görmek bolýar. Biz hem şulardan ugur alyp, dünýä belli arassa ganly tohum itleri baradaky gysgaça maglumaty size ýetirmegi makul bildik.
Türkmen alabaýy. Alabaý köp ýerde «Merkezi Aziýanyň çopan iti» diýip tanalýar. Bu itler uly göwreli, dürli howa şertlerine çydamly, sakçy we eýesine wepaly jandarlardyr. Alabaýyň boýy 45-78 santimetr, agramy 50-80 kilogram aralygynda bolýar. Olar öwredilýän endikleri ýerine ýetirmek başarnygyna eýedir. Alabaý erkinligi söýýän, erkin häsiýeti bolan, eýesine (öýüne) wepaly bolup, ony gorap gezýän tohum itidir.
Amerikan buldogy. Bu tohum itleri ortaça ululykda bolup, «tutan ýerini goparýandygy» bilen tapawutlanýar. Olaryň boýy 53-68 santimetre, agramy 27-55 kilograma çenli bolýar. Köp ýurtlarda gorag we gözegçilik hyzmatlarynda ulanylýan buldoklar Angliýada çopanlaryň ýakyn kömekçileri bolup, dişiniň ýitiligi, urşujylyk ukybynyň ýokarydygy bilen beýleki itlerden tapawutlanýar.
Kawkaz çopan iti dogabitdi erkin, gorkusyz bolýar. Kawkaz çopan itiniň boýy 65-75 santimetr, agramy 40-80 kilogram töweregidir. Wepaly goragçy, hakyky çopan iti hasaplanýan kawkaz çopan itini öwrenişdirmek we aragatnaşyk saklamak kyn.
Beýik dane ýuwaş häsiýetli, güýçli, haýbatly görnüşe eýe bolan owadan it bolup, boýy 72-80 santimetre, agramy 45-90 kilograma ýetýär. Daniýalylaryň ata-babalarynyň uly ýabany haýwanlary awlamak üçin seçip alan bu itleri eýesine wepalylygy we çagalary gowy görýändigi bilen tapawutlanýar.
Keramatly bernar. Bu itler güýçlüligi we agyr ýükleri uzak aralyga çekmäge ukyplylygy bilen meşhur bolup, boýy 65-90 santimetr, agramy 55-90
kilogram töweregidir. Ozallar bu itler daglyk ýerlerde ýitenleri tapmak we halas etmek üçin ulanylypdyr. Häzirki wagtda bolsa ökde halas edijiler we goragçylar hökmünde akyllylygy we ugurtapyjylygy bilen tapawutlanýar.
Iňlis mastifi. Bu itler ökde urşujy we sakçy hasaplanyp, boýy 70-76 santimetre, agramy 80-86 kilograma çenli ýetýär. Maglumatlara görä, gadymy Wawilonda olar bilen arslanlary, aýylary awlapdyrlar diýlip çaklanylýar. Soňlugy bilen bolsa jemgyýete öwrenişdirilip, wepaly öý jandary we maşgala goragçysy hökmünde görlüp başlanýar.
Demirgazyk iti. Haskiler demirgazyk sebitlerde, esasan hem, Arktikada ösdürilip ýetişdirilýän, çeýeligi we ýük çekijiligi bilen tapawutlanyp, boýy 50-60 santimetr, agramy 20-35 kilogram aralygynda bolýar. It lyžasy arkaly harydy, poçtany eltip bermek hyzmaty häzirki wagtda hem haskileriň kömegi bilen garly, barmasy kyn sebitlerde ýerine ýetirilýär. Bu itler möjege iň ýakyn tohum hasaplanýar.