Güýz pas­lyn­da ýe­tiş­ýän mi­we­le­riň bi­ri hem hur­ma­dyr. Hur­ma ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bel­li agaç­la­ryň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. Onuň mu­ma meň­zeş, da­şy ýal­pyl­da­wuk, go­ýy go­ňur mi­we­sin­de adam sag­ly­gy üçin peý­da­ly wi­ta­min­le­riň bir­nä­çe­si sak­lan­ýar. Hur­ma iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­ny ka­da­laş­dy­ryp, be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny güýç­len­dir­ýär. Dü­zü­min­dä­ki A wi­ta­mi­ni gö­rüş ul­ga­my­nyň işi­ni ös­dü­rip, mag­niý nerw ul­ga­my­nyň işi­ni saz­la­ýar. Şeý­le hem be­de­ni C, A wi­ta­mi­ni, mis, de­mir, kal­siý, fos­for, fo­lat, mar­ga­nes we be­ta-ka­ro­tin ýa­ly ýo­kum­ly mad­da­lar bi­len üp­jün ed­ýär.
Hur­ma ýol­nan wag­ty ga­ty­rak bol­sa, ony bir­nä­çe gün otag tem­pe­ra­tu­ra­syn­da go­ýup, ýum­şa­nyn­dan soň­ra iý­mek has peý­da­ly­dyr. Dur­du­gy­ça süý­je­ýän hur­ma­nyň beý­le­ki mi­we­ler­den ýe­ne bir ta­pa­wu­dy çi­git­li we çi­git­siz gör­nüşde bol­ma­gy­dyr. Hur­ma­nyň köp dur­ma­gy bi­len fruk­to­za gat­lak­la­ry bir­le­şip, tok­ga-tok­ga gat­lak eme­le gel­ýär. Bu mi­wä­niň çüý­re­me­gi däl-de, te­bi­gy şe­ke­riň bir­leş­me­gi bo­lup, ony has-da ta­gam­ly ed­ýär.
Hur­ma­ny çig­li­gi­ne iý­mek bi­len bir ha­tar­da, on­dan dür­li şer­bet­ler, süý­jü­lik­ler, mar­me­lad­lar taý­ýar­lan­ýar. Köp ýurt­da onuň ka­ka­dy­lan gör­nü­şi, doň­dur­ma­sy meş­hur bol­sa, kä­bir ýer­de onuň gök ot­lar bi­len gaý­na­dy­lan çor­ba­sy hem meş­hur­dyr. Kä­bir ýurt­da bu mi­wä­ni peý­nir, gök ot­lar bi­len go­şup, iş­däa­çar taý­ýar­la­ýar­lar.
Hä­zir­ki wagt­da ys­sy ýurt­la­ryň kö­pü­sin­de (Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ry, Azi­ýa, ABŞ, Mek­si­ka) hur­ma to­kaý­lyk­la­ry bo­lup, on­da hur­ma­nyň bir­nä­çe gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.