Hytaý Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasyndan umumy bahasy 17 milliard dollar bolan 140 ýolagçy uçaryny satyn alar. “Airbus” kompaniýasy bu şertnamanyň Hytaýyň awiasiýa kompaniýalarynyň satyn aljakdygyny aýdan uçarlarynyň tassyklanmasydygy mälim edildi. Hytaýyň Awiasiýa enjamlaryny üpjünçilik kompaniýasy 132 sany A320 hem-de 8 sany A350 uçarynyň satyn alynmagy üçin “Airbus” bilen ylalaşylandygyny  mälim etdi.

Hytaýyň iň uly üç awiakompaniýasy – “AirChina”, “China Southern” we “China Eastern” şu ýylyň iýulynda “Airbus”-dan jemi 292 uçar sargyt ediljekdigini mälim edipdi. Bu ylalaşyk iýul aýyndaky sargydyň bir bölegini emele getirýär.

Annanazar Annanazarow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby