“Time” žurnaly taryhda ilkinji gezek sungat älemine iň uly täsir edýän, onuň geljegini kesgitleýän 100 adamyň sanawyny düzdi. Bu abraýly sanawa suratkeşler, fotosuratçylar, heýkeltaraşlar, hukukçylar, sungat howandarlary we muzeý ýolbaşçylary girizildi.
Neşiriň bu ýörite sanynyň daşky sahypasynda amerikaly suratkeş Emi Şerald ýerleşdirildi. Ol ýönekeýleşdirilen realizm stilinde işläp, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obamanyň hem-de onuň aýaly Mişel Obamanyň resmi portretlerini çekmegi bilen giňden tanalýar.
Sanawa girizilen meşhur suratkeşleriň arasynda italýan Maurizio Kattelan, Jeffri Gibson, Kerri Jeýms Marşall, Gerhard Rihter we fransuz fotosuratçysy JR bar. Şeýle hem bu sanawdan maýadar Ken Griffin, işewür Ronald Lauder we sungat eserlerini ýygnaýjy Komal Şah ýaly 11 sany sungat howandary hem orun aldy.
Mundan başga-da, täsirli adamlaryň sanawyna Metropoliten muzeýiniň ýolbaşçysy Maks Holleýn, “Harlem Studio Museum”-yň ýolbaşçysy Telma Golden we Nýu-Ýorkdaky Guggenhaým muzeýiniň baş kuratory Naomi Bekwit dagy goşuldy.
PDF








