Ýarymgeçiriji önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Samsung” 8-nji nesle degişi bolan V-NAND atly üç ölçegli NAND ýat önümçiligini ýola goýdy. 236 gatlakly NAND çipler ýokary geçirijiligi bilen tapawutlanýar. Çip 12,5 GB/sekunt maglumat geçirijiligi bolan SSD ýat göterijilerde ulanylar. Köpçülikleýin önümçiligine başlanan çipleriň göwrümi 1 TB-a ýetýär. Kompaniýa täze çipleriň önümçilik bahasynyň düşýändigini, emma netijeliliginiň ýokarlanýandygyny belleýär.

Häzirlikçe bu ýarymgeçiriji önümleri hiç bir elektron enjamda oturdylmady. Koreý kompaniýasy V-NAND-yň çalt depginler bilen ösýän bazaryň islegini kanagatlandyrmaga ýardam etjekdigini belleýär.

Hajyberdi Çaryberdiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby