Angliýanyň paýtagty Londonda gadymy ulaglaryň ýaryşy geçirildi. Şäheriň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan “Hyde Park” seýilgähinden badalga alan ýaryş ýurduň günortasyndaky kenarýaka Braýton şäherinde tamamlandy. Dünýäniň iň uzak wagtdan bäri dowam edýän awtoulag çäresine 1905-nji ýyldan ozal ýasalan awtoulaglar gatnaşdy. Ýaryşýan ulaglaryň arasynda welosipedler we üç tigirli motosikller hem bar.