Agaç köklerinden ýasalan janly köprüler

203

Bu köprüleriň hiç hili demir bölekleri ýa-da beton sütünleri ýok. Bu köprüleri gurmak üçin hiç hili agaç çapylmady. Eýsem bu nädip mümkin?

Janly köprülere, esasan, Hindistanyň gündogaryndaky Meghalaýa ştatyndaky tokaýlarda gabat gelmek bolýar. Gadymy döwürlerden bäri khasi halkynyň taýpalary bu ýerde ýaşap gelipdirler, nesilden-nesle agaç köklerinden janly köpri döretmek sungatyny gorap saklapdyrlar. Bu köprüler bu ýere mahsus bolan agaçlaryň howadaky kökleriniň bir-birine berkidilmegi bilen ýasalýar. Berkidilen kökler ösüşini dowam etdirýärler. Wagtyň geçmegi bilen has berkäp, güýçlenýärler. Ýazuw çeşmesinde ilkinji gezek 1844-nji ýylda Ýewropaly syýahatçy Geni Ýul kökden ýasalan janly köprülerini gören ilkinji ýewropaly bolýar. Emma khasilerde köpri gurmak däbiniň ýüzlerçe, belki-de müňlerçe ýyl bäri barlygyna şek ýok. Bir hatarly we iki hatarly janly köprüler giňden ýaýrandyr. Şunuň ýaly iň uzyn desga, Paýnersla atly kiçijik khasi obasynyň golaýynda ýerleşýän janly köprüdir. Şeýle köprüler hemişe gök öwüsýän fikus agajy arkaly döredilýär. Bu ösümligiň çeýe kökleriniň bir bölegi päsgelçiligiň iki gapdalynda, mysal üçin, derýada kem-kemden egilýär we bir-birini tutmak ýa-da ters eňňit almak üçin ösdürilýär. Munuň üçin birnäçe ýyl gerek bolýar. Fikus kökleri bii-biri bilen baglanyşýar ýa-da eňňidiň topragynda boşluk tapýar, şonuň üçin janly köprüleri gurmak kyn däl: wagtal-wagtal ugry kesgitlemeli we kökleri emele gelýänçä uzyn we güýçli bolýança garaşmaly. Köpri gurmak üçin adatça 15 ýyl töweregi wagt gerek. Köpri agajyň janly wagty ulanylýar we hakyky şertlerde ýüzlerçe ýyl dowam edip biler. Bu ýerde köpri janly ösümligiň bir bölegi bolansoň tozmaýar. Häzirki wagtda bu köprüleri syýahatçylaryň köpüsini özüne çekýär.

Bahar GAZAKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy