Italiýada arheologlar Toskana sebitinde örän abat ýagdaýda saklanyp galan 24 mis heýkeliň üstünden bardylar. Heýkelleriň Rim imperiýasy döwründen galandygy çaklanylýar. Taryhy eserler dag etegindäki San-Kaşano-dei-Bani atly obada hammamyň galyndylary öwrenilýärkä tapyldy. Heýkeller grek mifologiýasynda saglygyň hudaýy hasaplanýan Gigieýany hem-de grek we rim mifologiýasynda ýagtylygyň hudaýy hasaplanýan Apollony suratlandyrýar.

Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerinde 6 müň töweregi altyn, kümüş we mis şaýylyklar hem tapyldy. Italiýanyň Medeniýet ministrligi bu tapyndylaryň ýasalan döwründe Toskananyň üýtgeşmeden geçendigini mälim etdi. Gazuw-agtaryş işleri Perujadaky daşary ýurtlular üçin uniwersitetiň ylmy işgäri Ýakopo Tabolli tarapyndan amala aşyryldy.

Tabolli bu heýkelleriň ýerden çykýan ýyly suwa yrym edilip taşlanandygyny aýtdy. Ol “Suwa bir zat taşlarsyňyz, sebäbi onuň ýerine size bir zat bermegine garaşarsyňyz” diýip belledi.

Heýkeller abatlanylmak üçin golaýdaky laboratoriýa äkidiler. Soňra bolsa, San-Kaşano muzeýindäki sergide goýlar.

Italiýanyň Döwlet muzeýiniň müdiri Massimo Osanna bu tapyndylaryň Riaç Bürünçlerinden bäri tapylan iň uly açyşdygyny mälim etdiler.

Riaç Bürünçleri atly heýkeller 1972-nji ýylda tapylyp, olarda gadymy urşujylar suratlandyrylýar.