Daşky gurşawy aýawly saklamak baradaky tagallalaryň netijesinde dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň arasynda alternatiw energiýa çeşmelerini kämilleşdirmek hem-de elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň sanyny artdyrmaga hem aýratyn üns berilýär. Köp ýurtda ýa-da şäherde adaty ýangyçly ulaglaryň ulanylyşynyň çäklendiriljek senesi mälim edilip başlandy. Şeýle bolansoň, öndüriji kompaniýalar hem ýangyjyň has arassa görnüşi bilen işleýän ulaglaryň işläp taýýarlaýar. Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli global derejede elektroulag önümçiligini ýola goýmak üçin 100 milliard dollar özleşdirmegi meýilleşdirýär. Täze taslamalaryň arasynda elektroulag batareýalaryny öndürýän zawodlaryň gurulmagy hem uly orun eýeleýär. Şeýle zawodlar, esasan, Ýewropada we Demirgazyk Amerikada gurlar.
Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy bolsa, 70 milliard dollar özleşdirmegi meýilleşdirýär. Ýapon brendi 2030-njy azyndan 3,5 million batareýaly ulag satmagy göz öňünde tutýar.
“Ford” kompaniýasy hem bu ugurdaky maýa goýumyny artdyrýar. 50 milliard dollar pul serişdesini elektroulaglaryň önümçiligi üçin sarp etjek amerikan brendi 2030-njy ýyla çenli 3 million elektroulag satmagy maksat edinýär. Bu görkeziji “Ford” häzirki önümçilik möçberiniň ýarysyna gabat gelýär.
“Mercedes-Benz” elektroulag üçin azyndan 47 milliard dollar, BMW, “Stellantis” we “General Motors” kompaniýalarynyň her biri azyndan 35 milliard dollar sarp eder.
Gözel Berkeliýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









