Pro­fes­sor eli­ne içi suw­ly bul­gu­ry alyp, öz sa­pa­gy­na baş­lap­dyr. Ol bul­gu­ry hem­me­ler gö­rer ýa­ly de­re­je­de gal­dy­ryp, ta­lyp­la­ra ýüz­le­nip­dir:
– Si­ziň pi­ki­ri­ňiz­çe, bu bul­gu­ryň ag­ra­my nä­çe barka?
– 50 gram, 100 gram, 125 gram – di­ýip, ta­lyp­lar jo­gap be­rip­dir­ler.
– Çe­kip gör­me­sem, me­nem onuň ag­ra­my­ny bi­le­mok – di­ýip, pro­fes­sor olara ýüzlenip:
– Ýö­ne me­niň si­ze so­wa­lym şeý­le: Men ony hä­zirki saklaýşym ýa­ly ýe­ne-de bir­nä­çe mi­nut­lap sak­la­sam, nä­me bo­lup ge­çer?
– Hiç zat – di­ýip, ta­lyp­lar jo­gap be­rip­dirler.
– Bol­ýa, eger-de men bul­gu­ry hä­zir­ki saklaýşym ýa­ly ýe­ne-de bir sa­gat sak­la­sam, onda nä­me bo­lar? – di­ýip pro­fes­sor so­rap­dyr.
– Si­ziň eli­ňiz agy­ryp baş­lar – di­ýip, ta­lyp­la­ryň bi­ri jogap beripdir.
– Sen dog­ry aýd­ýaň, on­da men ony bir gün­läp sak­la­sam, nä­me bo­larka?
– Si­ziň eli­ňiz gur­şar, myş­sa­la­ry­ňy­zyň işi bo­zu­lar, ys­gyn­dan dü­şüp, sag­ly­gy­ňy­za zeper hem ýetip biler.
– Örän go­wy, ýö­ne biz bu­la­ryň gür­rü­ňi­ni edip bol­ýan­çak, bul­gu­ryň ag­ra­my üýt­ge­di­mi? – diýip, pro­fes­sor ýene-de so­rap­dyr.
– Ýok.
– Eý­sem, eliň agyr­ma­gy­na nä­me mej­bur ed­ýär we myş­sa­la­ryň işi­niň bo­zul­ma­gy­na näme se­bäp bol­ýar?
Ta­lyp­lar al­jy­raň­ňy ýag­daý­da ga­lyp­dyr­lar.
– Eý­sem, bu­la­ryň ba­ry­ny dü­zet­mek üçin men nä­me et­me­li?
– Bul­gu­ry go­ýuň! – di­ýip, ta­lyp­la­ryň bi­ri ses­le­nip­dir.
– Dog­ry – di­ýip, pro­fes­sor şeýle jogap beripdir:
– Dur­muş­da duş gel­ýän ownuk-uşak me­se­le­ler hem edil şu­nuň ýa­ly­dyr. Olar hak­da ­nä­çe pi­kir­lenseň-de, olar senden daşlaşmaýar. Olar hak­da pi­kir ediberseň, olar bir­syh­ly güý­jäp baş­laýar. Ýe­ne-de pi­kir ediberseň, olar se­ni tapdan düşürer. Dur­muş­da duş gel­ýän me­se­le­ler hak­da pi­kir et­mek mö­hüm­dir, ýö­ne, ola­ry bir gy­ra aý­ryp goý­ma­gy ba­şar­mak – iş gü­nü­niň ahy­ry­na ýa-da er­tir­ki gü­ne goý­mak has-da zerurdyr. Şeý­le­lik­de, sen ýa­da­mar­syň, her gün sag­dyn we ruhubelent bo­lup, uku­dan oýa­nar­syň! Netijede, sen dur­muş­da duş gel­ýän is­len­dik me­se­lä­niň höt­de­sin­den ge­lip bi­ler­siň!

Ter­ji­me eden Sum­bar Aly­şi­row,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky
TDU-nyň ta­ly­by.