Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň binýadynda ýurdumyzda durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde uly ösüşler gazanylyp, ýokary sepgitlere ýetilýär. Bu ugurda maýa goýum syýasaty Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryň artmagynyň kämilleşmegi bolsa, jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär.

Maýa goýumlary çekmek we olary netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, daşyndan çekilýän we ýurdumyzyň içinde özleşdirilýän maýa goýumlar halkyň bähbidine, ýurdumyzyň ilatynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirlendir. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmak maksady bilen, bilime we ylma hem-de  täze innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýan hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän we gurlup ulanmaga berilýän dürli ugurly binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda” hem-de Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllyk geljegini nazarlaýan :Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan maksatlara

ýetmekde ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyna aýratyn orun berilýändigini belläp geçmek zerurdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçiligiň, harytlaryň, hyzmatlaryň hem-de işleriň maliýe serişdeleriniň erkin hereket etmegini, maýa goýujylaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragyny kepillendirýän netijeli kanunçylyk binýady emele getirildi. Işewürligi we maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek babatyndaky strategik ähmiýetli işleriň depginleri we netijeleri ösüşiň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini ynamly aýtmaga doly esas döredýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ösmegi ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany-sag,  ömri uzak, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mekan Atamuradow,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby