Elektroulag önümçiligine has köp maýa goýar

102

Daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­la­ryň ara­syn­da al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek hem-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­ma­ga hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Köp ýurt­da ýa-da şä­her­de ada­ty ýan­gyç­ly ulag­la­ryň ula­ny­ly­şy­nyň çäk­len­di­ril­jek se­ne­si mä­lim edi­lip baş­lan­dy. Şeý­le bo­lan­soň, ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar hem ýan­gy­jyň has aras­sa gör­nü­şi bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň iş­läp taý­ýar­la­ýar. Ger­ma­ni­ýa­nyň “Volks­wa­gen” kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýy­la çen­li glo­bal de­re­je­de elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin 100 mil­liard dol­lar öz­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Tä­ze tas­la­ma­la­ryň ara­syn­da elekt­rou­lag ba­ta­re­ýa­la­ry­ny ön­dür­ýän za­wod­la­ryň gu­rul­ma­gy hem uly orun eýe­le­ýär. Şeý­le za­wod­lar, esa­san, Ýew­ro­pa­da we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da gur­lar.
Ýa­po­ni­ýa­nyň “Toyo­ta” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, 70 mil­liard dol­lar öz­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ýa­pon bren­di 2030-njy azyn­dan 3,5 mil­lion ba­ta­re­ýa­ly ulag sat­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.
“Ford” kom­pa­ni­ýa­sy hem bu ugur­da­ky ma­ýa go­ýu­my­ny art­dyr­ýar. 50 mil­liard dol­lar pul se­riş­de­si­ni elekt­rou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gi üçin sarp et­jek ame­ri­kan bren­di 2030-njy ýy­la çen­li 3 mil­lion elekt­rou­lag sat­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu gör­ke­zi­ji “Ford” hä­zir­ki önüm­çi­lik möç­be­ri­niň ýa­ry­sy­na ga­bat gel­ýär.
“Mercedes-Benz” elekt­rou­lag üçin azyn­dan 47 mil­liard dol­lar, BMW, “Stel­lan­tis” we “Ge­ne­ral Mo­tors” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň her bi­ri azyn­dan 35 mil­liard dol­lar sarp eder.

Gö­zel Ber­ke­li­ýe­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by