Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Şu ýerde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini hem bellemek gerek.

Ýur­du­my­zyň eş­ret­li gel­je­gi­ni na­zar­la­ýan oňyn baş­lan­gyç­la­ryň mil­li bi­lim ul­ga­my­na gö­nük­di­ril­me­gi ýaş nes­liň bi­lim­li, sag­dyn aň-dü­şün­je­li, akyl­ly-paý­has­ly ke­ma­la gel­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ylym-bi­li­mi ös­dür­mek­de, ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­mek­de äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz: «Ylym we bi­lim bi­ziň üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň hem-de öňe git­me­gi­mi­ziň bin­ýat­lyk esa­sy bo­lup dur­ýar» di­ýip bel­le­mek bi­len, gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň ylym-bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­niň düýp­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry­na aý­ra­tyn üns ber­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, mu­gal­lym­la­ryň işi­niň döw­re­bap gu­ral­ma­gy­na we ola­ryň hü­när kä­mil­li­gi­ne bo­lan ta­lap­lar bar­ha art­ýar.
«Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da», beý­le­ki mil­li mak­sat­na­ma­lar­da bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil de­re­je­de ös­dür­mek, ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da kes­git­le­nen we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Dur­muş ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­lar bi­len bir ha­tar­da, tä­ze bi­lim eda­ra­la­ry gu­rul­ýar.
Türk­me­nis­tan­da 12 ýyl­lyk umu­my or­ta bi­li­me geç­me­giň, san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň, te­bi­gy we ta­kyk yl­my ugur­la­ra de­giş­li ders­le­ri okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň kon­sep­si­ýa­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, okat­ma­gyň usul­la­ry kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bäs­deş­li­ge ukyp­ly bi­lim ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek üçin tap­gyr­la­ýyn san­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­ýär.
Ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni kä­mil de­re­je­de bil­mek­le­ri üçin yzy­gi­der­li ta­gal­la­lar edil­ýär. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­dan baş­lap, bi­li­miň äh­li de­re­je­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň maz­mu­ny­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ga­zan­mak, okat­ma­gyň in­no­wa­si­on dil öw­re­diş teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bi­len bag­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ýaş­la­ryň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, sag­ly­gy­ny ber­kit­mek ug­run­da-da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da bi­lim eda­ra­la­ryn­da aras­sa ho­wa­da, te­bi­gat­da ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar, ir­ki maşk­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär, sag­dyn­ly­ga, be­den­ter­bi­ýä ba­gyş­la­nan synp sa­gat­la­ryn­da öwüt-ün­dew, wa­gyz-ne­si­hat, ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, okuw­çy­la­ry­ň­dyr ta­lyp­la­ryň okuw­dan boş wagt­la­ryn­da me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi, Sag­lyk ýo­lu­na köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş­le­re gat­naş­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni hal­ka­ra de­re­je­li ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň sa­na­wy­na goş­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty do­lan­dy­ryş mer­ke­zi Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Uni­wer­si­tet­le­riň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň, Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty hem-de Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty Teh­ni­ki uni­wer­si­tet­le­riň as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di.
Bi­lim ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry bol­sa dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp düýp­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim ha­kyn­da­ky Ka­nu­ny bi­lim ba­bat­da gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk esas­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­ýär we döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ni, şeý­le hem bi­lim ul­ga­my­nyň mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni, ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­ni we onuň işi­ni do­lan­dyr­ma­gyň gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da kes­git­le­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň bi­lim pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän pro­fes­sor mu­gal­lym­la­ra, hü­när­men­le­re dö­re­di­ji­lik­li we has ne­ti­je­li iş­le­mä­ge, ta­lyp ýaş­la­ry­my­za bol­sa ru­hy hem be­den taý­dan sag­dyn ös­mä­ge, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de bi­lim­le­ri alyp, dur­mu­şa taý­ýar bol­ma­ga, ýur­du­my­za, hal­ky­my­za ge­rek­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mä­ge şert­le­ri, esas­la­ry dö­red­ýär.
Bi­lim ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan iň­ňän öň­den­gö­rü­ji­lik­li yn­san­per­wer tä­ze sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ug­ru­nyň ýaş­la­ra oňat bi­lim ber­mä­ge, diý­mek, has my­na­syp gel­je­gi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aý­dyň su­but ed­ýär. Ta­lyp ýaş­lar dö­re­dilen müm­kin­çi­lik­le­r­den ýer­lik­li peý­da­la­nyp, ata-ba­ba­la­ry­myzyň däp­le­ri­ni do­wam edip, hä­zir­ki ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti şert­ler­de iş­le­mä­ge taý­ýar bo­lar­lar hem-de bü­tin dün­ýä­de uly ab­ra­ýa eýe bo­lan pa­ra­hat we gül­läp ös­ýän ýur­du­my­zyň ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ry­na, tä­ze ösüş ug­ru­nyň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­ne öw­rü­ler­ler.

Ma­ral AN­NA­ŞO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.