Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk we «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny ýö­red­ýän, bü­tin dün­ýä bi­len hoş­ni­ýet­li dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ýan, üs­ta­şyr ge­çir­mek ba­ba­tyn­da uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan Türk­me­nis­tan de­ňiz, ho­wa, de­mir ýol we aw­to­mo­bil gat­naw­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan Gün­do­gar–Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki za­man ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­nyň soň­ky ýyl­lar­da­ky dep­gin­li ösü­şi ma­ýa go­ýum­la­ryň art­dy­ryl­ma­gy­nyň hem-de bu top­lu­my hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan yzy­gi­der­li iş­le­riň ha­sa­by­na üp­jün edil­ýär. Pu­da­gyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, onuň işi­ne yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da do­lan­dy­ry­ly­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek, ulag-lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek, ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iler­let­mek bu işiň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dep­gin­li ös­ýän hem-de gel­je­gi uly pu­dak­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ulag ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän wa­jyp hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da, esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Türk­me­nis­tan BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da ulag ul­ga­my bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn dia­lo­gy ýo­la goý­mak bo­ýun­ça tek­li­bi öňe sü­rüp, BMG bi­len bi­le­lik­de Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji äh­lu­mu­my mas­la­ha­ty gu­rap­dy. 2016-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len fo­rum äh­lu­mu­my ösü­şiň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de ulag ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­di.
Ýur­du­myz özü­niň çäk taý­dan amat­ly ýer­le­şi­şi­ni na­za­ra alyp, hal­ka­ra üs­ta­şyr ýük da­şa­ma­la­ry ba­za­ryn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär hem-de gel­jek­de Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de iri ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rü­ler.
Döw­le­ti­miz yk­dy­sa­dy taý­dan ýa­kyn­laş­mak üçin hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň kuw­wa­ty­ny do­ly de­re­je­de ulan­ma­ga, üs­ta­şyr ýük­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ça­lyş­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we Hy­ta­ýyň ulag ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iki ta­ra­pyň hem erk-is­le­gi bo­ýun­ça stra­te­gik de­re­jä çy­ka­ry­lan gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, bu mö­hüm pu­da­gyň ok­gun­ly ösü­şi­ne-de go­şant goş­ýar. Bu pu­da­gyň öňün­de ila­ta hö­dür­le­nil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýo­lag­çy hem-de ýük da­şa­ma­la­ryň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, üs­ta­şyr kuw­wa­ty pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­ler dur­ýar.
Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­lu­mu­my esa­sy gu­ra­ly­na öw­rül­di. Türk­me­nis­tan bu ösüş­ler­den çet­de gal­man, öz çä­gin­de yk­ly­myň mö­hüm ulag mer­kez­le­ri­ni dö­red­ýär. Ol ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şi­ne, ön­dü­ril­ýän ýer­li ha­ryt­la­ryň hem-de hyz­mat­la­ryň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dün­ýä­niň se­na­gat dü­zü­min­de my­na­syp or­ny eýe­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hal­ka­ra we se­bit de­re­je­sin­de ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek hem-de onuň hä­zir­ki za­man ýag­daý­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de he­re­ket et­me­gi­ni ga­zan­mak ug­run­da bel­le­nen bu be­lent mak­sat­lar üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Bu ba­bat­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2022–2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­da» stra­te­gik taý­dan äh­mi­ýet­li çä­re­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra fo­rum­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni şu ýy­lyň 15-16-njy aw­gus­tyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi-de su­but ed­ýär. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da gu­ra­lan bu fo­rum BMG-niň eda­ra­la­ry­nyň, ab­raý­ly hal­ka­ra, se­bit we se­bi­ta­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­ny, hu­su­sy ul­ga­myň, hö­kü­me­te da­hyl­syz bir­le­şik­le­riň, yl­my to­par­la­ryň we­kil­le­ri­ni özün­de jem­le­mek bi­len, oňyn ne­ti­je­le­re bes­len­di.

Gül­jan AR­NA­BER­DI­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my