Belgiýada hepdelik iş gününi 5 günden 4 güne düşürmäge mümkinçilik berýän täze düzgün ýola goýuldy. Diňe hususy eýeçilikdäki edara-kärhanalara degişli boljak bu düzgün 20-nji noýabrda güýje girýär. Bu düzgünede işgärleriň gündelik iş sagady köpeldilmeýär we aýlyk zähmet haklary azaldylmaýar. Şeýle hem ähli sosýal hukuklaryndan hem peýdalanyp bilýär. Ýurduň hökümeti bu barada şu ýylyň iýun aýynda karar kabul edipdi. Indi bola bu düzgün resmi ýagdaýda mälim edildi.

Täze düzgün has kadaly iş-durmuş deňagramlylygyny saklamak maksady bilen güýje girizilýär. Kompýuter progammaçylygyndan, metal önümçiligine we azyk pudagy ýaly hususy eýeçilige degişli ähli pudaklar täze düzgüne görä işlär. Şeýle-de bolsa bu düzgün işgärleriň islegine görä bolar. Iş berijiniň näçe gün işlenilmelidigi barada işgärden hiç zat talap edip bilmez. Hepdede dört gün işlemek isleýän işgäriň bu barada ýazmaça ýüz tutmagy ýeterlik bolar. Bu ýüztutmany kanagatlandyrmak islemeýän iş beriji 1 aýyň dowamynda onuň sebäplerini düşündirip, hat üsti bilen jogap bermeli bolar. Işgäriň dört gün işlemek baradaky ýüztutmasy işgäriň işden çykarylmagyna ýa-da şertnamasynyň wagtyndan öň ýatyrylmagyna sebäp bolup bilmez. Hepdelik dört gün işlän işgäriň ýol çykdajysy we we nahar üçin berilýän puly azaldylyp bilner.