Norwegiýada gämiler üçin dünýäniň ilkinji ýerasty geçelgesi gurulýar. Beýikligi 45 metre, ini 36 metre barabar boljak geçelgäniň uzynlygy 1,7 km bolar. Bu desganyň gurulmagy bilen Demirgazyk deňzi bilen norweg deňziniň arasyndaky gämi gatnawynyň ýoly has hem gysgalar. Sebitde güýçli ýeliň we howa şertleriniň ýaramaz bolmagy gämileriň hereketini kynlaşdyrýar. Ýurtda gämi gatnawy nebitden alynýan girdejiden soňra iň esasy girdeji çeşmeleriniň biri hasaplanýar. Şol sebäpli bu pudaga uly üns berilýär. Stad ýarymadasyndaky ýerasty geçelge 645 metrlik dagyň aşagynda gurlar. Bu taslamany durmuşa geçirmek pikiri XIX asyrda peýda bolupdyr. Onuň üçin 1,7 milliard norweg krony pul harçlanmagyna garaşylýar. Hökümet taslamanyň durmuşa geçirilmegine razylyk bildiren hem bolsa, onuň gurluşygyna başlamak üçin milli parlamentde sese goýulmagy we ýeterlik derejede ses almagy hökmanydyr. 1980-nji ýyldan bäri bu geçelgäni gurmak bilen bagly işler ýerine ýetirilýär. Bu ýerden geçjek gämileriň dagyň daşyndan aýlanmagy üçin hem şol birwagt sarp ediler. Geçelge suw ulaglaryny ýelden gorar.