Norwegiýanyň baý ýerasty nebit-gaz gorlarynyň uly bölegi kenarda uzakda – deňizde ýerleşýär. Ýewropa ýurtlaryny köp mukdarda energiýa bilen üpjün edýän bu ýurtda nebit-gaz çykaryjy desgalar deňizlerdäki ýel beketlerinden alnan energiýa bilen üpjün ediler. “Equinor” kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup, nebit-gaz ýataklaryndaky desgalara elektrik energiýasyny iberýän “Hywind Tampen ýüzýän ýel bekedini” işe girizdi. Ýelden energiýa alýan bu beket dünýäniň iň uly “ýüzýän” ýel bekedi hasaplanýar. Bu ýerde öndürilen elektrik energiýasy “Gullfaks” we “Snorre” nebit-gaz ýataklaryna iberiler.

“Hywind Tampen” desgasynda öndürilen elektrik energiýasy agzalýan nebit we gaz ýataklarynda sarp edilýän energiýanyň 35 göterimini üpjün eder. Bu bolsa, her ýylda 200 müň tonna kömürturşy gazynyň howa goýberilmegini öňüni almaga ýardam eder.

Önümçilik kuwwaty 88 MW boljak taslama “Equinor”, “Petoro”, OMV, “Var Energi”, “Wintershall Dea” we “INPEX Idemitsu” kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýar.

Muhammetdurdy Annagulyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag komminikasiýalary institutynyň mugallymy