16-17-nji noýabrda Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar dostluk festiwalyna geldi. Festiwala Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz Gutlaglaryny iberdiler.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dost­luk­ly ýurt­lar bi­len ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­ga uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çil­ýän men­zil­ler aý­dyň gör­kez­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan oňyn sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň dur­nuk­ly, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li we ok­gun­ly ös­ýän döw­let hök­mün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gyn­dan, ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry bi­len hal­ka­ra bi­le­le­şi­ge has do­ly açyl­ýan­dy­gyn­dan ny­şan­dyr.
Bir der­ýa­nyň su­wu­ny iç­ýän, bir ser­he­di paý­laş­ýan, asyr­la­ryň do­wa­myn­da bi­ri-bi­ri­ne goň­şy bo­lup otu­ran türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar bu gün döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ta­gal­la­sy bi­len has döw­re­bap hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Bu gat­na­şyk­lar iki goň­şy hal­kyň ara­syn­da­ky ýa­kyn­ly­gy, dost­lu­gy, do­gan­ly­gy pugta­lan­dyr­ýar.
2010-njy ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len dost­luk fes­ti­wa­ly asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ryn­da­ky hoş­ni­ýet­li­li­giň, raý­daş­ly­gyň be­lent da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy. Şu gün­ki gün­de ýe­ňil se­na­gat, ma­şyn­gur­lu­şyk, ne­bit­hi­mi­ýa, oba ho­ja­ly­gy we gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri ýa­ly ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma­la­ryň 194-si bel­li­ge alyn­dy. Ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de eý­ýäm ama­la aşy­ry­lan iri ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy bo­lan Türk­me­nis­tan–Öz­be­gis­tan–Ga­za­gys­tan–Hy­taý ug­ry bo­ýun­ça gaz ge­çi­ri­ji tas­la­ma­sy bar. Ür­genç şä­he­rin­de Türk­men-öz­bek dost­luk öýü­niň açyl­ma­gy döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da uly orun eýe­le­di. Şu ýy­lyň 13-nji iýu­lyn­da Bu­ha­ra­da bi­rin­ji Türk­men-öz­bek se­bit fo­ru­my, Işe­wür­lik ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 2007-2022-nji ýyl­lar­da öza­ra döw­let, res­mi we iş sa­par­la­ry­nyň 25-si ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­dy. Öz­be­gis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň bi­ziň döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan öňe sür­len 17 Ka­rar­na­ma­sy­nyň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş ed­ýär hem-de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň meý­dan­ça­syn­da dö­re­di­len Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­na gat­na­şy­jy bo­lup dur­ýar. Aş­ga­bat­da­ky «Daş­kent» se­ýil­gä­hi­niň we Daş­kent­dä­ki «Aş­ga­bat» se­ýil­gä­hi­niň öz­bek-türk­men dost­lu­gy­nyň hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy­nyň aý­dyň ny­şan­la­ry bo­lan­dyk­la­ry­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak ze­rur.
Heň­ňa­myň öw­rüm­li ýol­la­ryn­da bag­ry ba­da­şan bu iki hal­ky bag­la­nyş­dyr­ýan dost­luk, do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry wag­tyň sy­na­gyn­dan ge­çip, müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da has-da ber­ke­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­ly­ga, yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze döw­re ba­dal­ga ber­di. Hä­zir­ki wagt­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni yn­san­per­wer ul­gam­la­ryn­da öňe iler­le­me­ler aý­dyň du­ýul­ýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň gat­naş­mak­la­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Daş­kent» dynç alyş se­ýil­gä­hi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy, şeý­le hem te­le­köp­ri ar­ka­ly Türk­men-öz­bek ser­het­ýa­ka söw­da zo­la­gy­nyň – Söw­da mer­ke­zi­niň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy iki ýur­duň ara­syn­da ýo­la go­ýul­ýan me­de­ni, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň bar­ha pug­ta­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Ze­hin­li iş» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ry­lan, umu­my meý­da­ny 3 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan «Daş­kent» se­ýil­gähi­niň Aş­ga­ba­dyň Mag­tym­gu­ly şa­ýo­lu­nyň ug­run­da gu­rul­ma­gy­ öz­bo­luş­ly sim­wo­li­ka eýe­dir.
Türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry be­ýik-be­ýik şah­sy­ýet­le­riň at­la­ry bi­len hem berk bag­ly­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem-de Aly­şir No­wa­ýy ýa­ly be­ýik us­sat­la­ryň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan çä­re­ler halk­la­ry je­bis­leş­dir­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de hem döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryn­da bu iki ýur­duň alyp bar­ýan sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ýo­ka­ry de­re­je­de­dir.
We­la­ýa­ty­myz­da 16-17-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­len Türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly bol­sa iki hal­kyň ga­dy­my dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­si­niň do­wa­ma­ty­nyň do­wam bol­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy. We­la­ýat mer­ke­zi bo­lan Da­şo­guz şä­he­ri­miz­de ge­çi­ri­len dost-do­gan­lyk fes­ti­wa­ly­na gat­na­şan do­gan­lyk ýur­du­myz bo­lan Öz­be­gis­tan döw­le­tin­den ge­len dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da­ky çy­kyş­la­ryn­dan baş­la­nan da­ba­ra­la­ryň tu­tuş do­wa­myn­da bi­rek-bi­re­ge dost­luk, mäh­ri­ban­lyk duý­gu­la­ry paý­la­nyl­dy.
«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy­nyň» al­tyn güý­zü­niň aja­ýyp gün­le­rin­de do­gan­lyk Öz­be­gis­ta­nyň sun­gat us­sat­la­ry duz-çö­rek bi­len gar­şy­lan­dy. We­la­ýa­ty­my­zyň «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de açyl­dy. Şol ýer­de hem iki do­gan­lyk ýur­duň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy. Ýaň­la­nan ga­zal­lar­da, aý­dym-saz­lar­da dost-do­gan­ly­gyň, Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň, hormatly Prezidentimiziň was­py ýe­ti­ril­di. Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da sah­na oýun­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­byň «Al­tyn ýol» ge­ňeş­li­gi­niň Me­de­ni­ýet öýün­de iki do­gan­lyk hal­kyň ki­no sun­ga­ty­nyň gör­ke­zi­li­şi gu­ral­dy.
Şu pur­sat­dan peý­da­la­nyp ýur­du­my­zy dün­ýä­de dos­ta­na gat­na­şyk­la­ry bi­len meş­hur­ly­ga eýe eden Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, şeý­le meş­hur­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ýan Arkadagly Serdarymyzyň alyp bar­ýan dün­ýä äh­mi­ýet­li, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li iş­le­rin­de uly ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw ed­ýä­ris.

Araz­bi­ke Sö­ýü­no­wa,
«Da­şo­guz­poç­ta» we­la­ýat kär­ha­na­sy­nyň poç­ta da­şa­ýan bö­lü­mi­niň ope­ra­to­ry, KA-nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.