Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy has-da be­len­de gal­ýar. «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len dün­ýä döw­let­le­ri, şol sanda hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len ys­ny­şyk­ly hem-de ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Şeý­le gu­ra­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän hem-de ta­ry­hy, me­de­ni we yn­san­per­wer umu­my­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy hem bar.
Bi­ziň ýur­du­myz tür­ki dil­li döw­let­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­naş­ýar. Ola­ryň do­wa­myn­da do­gan­lyk halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­lu­ga we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga esas­lan­ýan uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň tä­ze çe­me­leş­me­le­ri iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar.

Hut şu mak­sat­lar bi­len, 2009-njy ýyl­da Tür­ki ge­ňeş dö­re­dil­di we ge­çen ýyl Stam­bul­da ge­çi­ri­len Tür­ki dil­li döw­let­le­riň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň VIII sam­mi­tin­de onuň ady üýt­ge­di­lip, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Şol sam­mit­de hem Türk­me­nis­ta­na bu gu­ra­ma­da syn­çy de­re­je­si­ni ber­mek ba­ra­da­ky çöz­güt ka­bul edil­di. Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy (TDG) ozal­ky Tür­ki dil­li döw­let­le­riň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi (Tür­ki ge­ňeş) ady bi­len 2009-njy ýy­lyň 3-nji okt­ýab­ryn­da Nah­çy­wan Şert­na­ma­sy esa­syn­da Azer­baý­jan, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan we Tür­ki­ýe ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Weng­ri­ýa 2018-nji ýyl­da bu gu­ra­ma syn­çy döw­let hök­mün­de ka­bul edil­di. Şol ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de Öz­be­gis­tan hem Tür­ki ge­ňe­şe go­şul­mak meý­li­ni be­ýan edip, 2019-njy ýy­lyň 14-nji sent­ýab­ryn­da gu­ra­ma­nyň do­ly ag­za­sy bol­dy. Gu­ra­ma­nyň Baş sek­re­ta­ria­ty Stam­bul­da, Hal­ka­ra Türk Me­de­ni­ýet Gu­ra­ma­sy An­ka­ra­da, Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Par­la­ment as­samb­le­ýa­sy Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­kuw­da we Hal­ka­ra Türk aka­de­mi­ýa­sy Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.
Ine, şeý­le uly ab­ra­ýa eýe bo­lup bar­ýan gu­ra­ma­nyň no­bat­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sam­mi­ti­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­gy Türk­me­nis­tan bi­len bu gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da­ky dür­li ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ryň has-da pug­ta­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu sam­mi­tiň ýurt­la­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy, söw­da, ma­ýa go­ýum, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynan­ýan­dy­gy­ny, oňa hal­ka­ra we se­bit iş­le­rin­de Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­na oňaý­ly tä­sir et­mä­ge gö­nük­di­ri­len wa­ka hök­mün­de se­red­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Sam­mi­tiň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tür­ki dün­ýä­niň ýo­ka­ry or­de­ni bi­len sy­lag­lan­ma­gy Gahryman Arkadagymyzyň Türk­me­nis­tan bi­len tür­ki döw­let­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak, şeý­le hem hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça aý­gyt­ly baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek hem-de par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny dün­ýä ýü­zün­de da­ba­ra­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň ýo­ka­ry sy­la­gy üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, bu sy­la­ga Türk­me­nis­ta­na hem-de türk­men hal­ky­na hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy, Türk­me­nis­tan­da 2024-nji ýyl­da dün­ýä bel­li fi­lo­sof, be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­jek­di­gi­ni ýat­lat­dy we pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hem­me­le­ri bu şan­ly to­ýa ça­gyr­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi­niň go­şa şat­lyk hök­mün­de ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di.
Bu sam­mit­de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na go­şant goş­mak mak­sa­dy bi­len bag na­hal­la­ry­ny oturt­mak da­ba­ra­sy hem gu­ral­dy. 10 müň türk­me­nis­tan­ly­nyň gat­naş­ma­gyn­da şeý­le giň ge­rim­li bag ek­mek çä­re­si Türk­me­nis­tan­da hem ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan­da ýur­duň äh­li kün­jek­le­ri­ni ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mä­ge gö­nük­di­ri­len uzak möh­let­li Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Aý­gül BER­DI­LI­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň iň­lis di­li­niň fo­ne­ti­ka­sy we lek­si­ko­lo­gi­ýa­sy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.