Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösüşleriň täze we belent sepgitlerine ýetirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» we durmuşa geçirilýän beýleki halk bähbitli maksatnamalar ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» kararyň taslamasyna garaldy.
Arkadagly Serdarymyzyň tekliplerine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda pul serişdeleriniň esasy bölegini durmuş ulgamyny, hususan-da, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirmek, şeýle-de zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
«Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses beren deputatlaryň gelen netijesine görä, bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanandyr, döwletiň hem-de jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir we onuň halkyň bähbitlerine, durmuşynyň abadançylygyna hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir. Şeýle-de, «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.
Ulanylmaga berilýän kärhanalardyr mekdepler we durmuş ähmiýetli beýleki desgalar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň oňyn netijesi bolup durýar. Bu alnyp barylýan işler döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň esaslaryny berkidýär, halkymyzyň beýik geljege bolan berk ynamyny pugtalandyrýar.
Leýla ATAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.