“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 5 — 7-nji dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça açyk halkara olimpiadany geçirmek meýilleşdirilýär.
Halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde Russiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barda 18-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.