Şu gün – 20-nji noýabrda Gazagystanda Prezident saýlawlary geçirilýär. Merkezi saýlaw topary, tutuş ýurtda 10,033 saýlaw uçastogynyň we Gazagystanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda 17 saýlaw uçastogynyň açylandygyny habar berdi. Ýurtda 12 milliona golaý raýatyň ses bermäge hukugy bar.
Kasym-Žomart Tokaýew iki aý ozal nobatdan daşary saýlawlary geçirmek baradaky Karara gol çekdi. Prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek 23-nji sentýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçirildi. 21-nji oktýabrda dalaşgärleri hasaba almak tamamlandy we saýlaw kampaniýasy başlandy.
Gazagystanda geçirilýän nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda alty dalaşgär, şol sanda, häzirki döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew hasaba alyndy.
Bu saýlawlar Tokaýewiň ýylyň başynda Konstitusiýa düzedişler girizilenden soň geçirilýär. Şondan bäri Esasy Kanuna iki gezek üýtgetme girizildi. Üýtgeşmelere görä, Prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhleti 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaldyldy we gaýtadan saýlanmak mümkinçiligi aradan aýryldy.
Gazagystanyň taryhynda ilkinji gezek iki zenan döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär görkezildi. Häzirki Prezident 69 ýaşly Kasym-Žomart Tokaýew üç syýasy partiýa we 30-dan gowrak jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan hödürlendi. Saýlawa jemi 6 dalaşgär gatnaşýar. Gazagystanyň ilaty 19 milliondan gowrak.
Ses berişlige gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 50 göteriminden gowragyny alan dalaşgär saýlanan döwlet Baştutany hasaplanýar.
Saýlawa 15 ýurduň saýlaw geňeşleriniň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG), Türki Döwletleriň Guramasy (TDG), Türki Dilli ýurtlaryň Parlament assambleýasy (TÜRKPA), Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) ýaly halkara guramalaryň wekiliýetleri bilen jemi 642 daşary ýurtly synçy gatnaşýar.
Deslapky netijeleriň ertir, gutarnykly netijeleriň 27-nji noýabra çenli mälim ediljekdigi habar berildi.