Sabyrsyzlyk bilen garaşylan Katar 2022 Dünýä Kubogyna Katar-Ekwador duşuşygy bilen badalga berildi. Al Hor şäherindäki Al Bayt stadionynda oýnalan duşuşyga italiýaly Daniele Orsato eminlik etdi. 67 müň 372 janköýeriň tomaşa eden stadiondaky duşuşykda Ekwadoryň ýygyndysy Enner Walensiýanyň 16-njy minutdaky penaltiden hem-de 31-nji minutdaky kelle urgusy bilen geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda Kataryň ýygyndysy-da azda-kände tijense-de, olara ilkinji gezekki Dünýä Kubogy duşuşygynda tapawutlanmak başartmady. Şeýlelikde, Dünýä Kubogynyň taryhynda ýer eýeleri ilkinji duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy. Mundan öňki 21 Dünýä Kubogy ýaryşynda ýer eýeleriniň 16-sy ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazanyp, 6-sy ýeňlişe sezewar boldy (2002-nji ýyldaky Dünýä Kubogy 2 ýurtda geçirilipdi). 2006-njy ýyldan bäri bolsa ýer eýeleri “A” toparçada oýnap, olar açylyş duşuşygynda çykyş edip gelýär. Şol ýyldan bäri-de ýer eýeleri açylyş duşuşygynda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Duşuşykda 2 gol geçiren Enner Walensiýa oýnuň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.