Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň sapary mynasybetli Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny BAE-niň degişli wekili, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menziliniň «Prezident» terminalynyň hormatly myhmanlar zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda giňeldilen hem-de ikiçäk düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklar tamamlanandan soňra alşyljak ikitaraplaýyn resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarda ozal hereket edýän ylalaşyklaryň 60-dan gowragynyň üstüni ýetirer. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň beýleki resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.