Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde geçirlen COP27 sammitinde 50 döwletiň we guramanyň ýolbaşçylary BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlara geljekde bu tebigy betbagtçylyga has gowy taýýarlyk görmek üçin Halkara gurakçylyga garşy Bileleşigiň döredilendigini habar berdiler.
Senegal we Ispaniýa tarapyndan teklip edilen bu birleşik BMG-niň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek boýunça anyk çözgüdi hökmünde döredilýär diýlip, täze gurluşyň beýanatynda aýdylýar.
-Birleşigiň wezipesi ýerleri gurakçylyga we howanyň üýtgemegine has durnukly etmek üçin syýasy itergi bermekden ybarat – diýip, Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes we Senegalyň Prezidenti Maki Sall bilelikde aýtdylar.
Beýanatda birleşigiň onuň işine goldaw bermek we goşmaça serişdeleri çekmek prosesini işjeňleşdirmek maksady bilen täze syýasy borçnamalar, şol sanda Ispaniýa tarapyndan wada berlen 5 million ýewro /5,01 million ABŞ dollary/ möçberinde başlangyç gazna bilen berkidiljekdigi tassyklanylýar.
Bu bileleşik ýolbaşçylary gurakçylyga garşy durnuklylygy milli ösüş we hyzmatdaşlyk üçin ileri tutulýan ugurlara öwürmäge, hususy sektory hem goşmak bilen güýçli gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyna çagyrdy.
Beýanatda guramanyň esasy maksatlarynyň hataryna sebit başlangyçlarynyň jebislenmegine ýardam etmegiň, çaltlaşdyrylan innowasiýa alyş-çalşynyň, tehnologiýalary geçirmegiň we serişdeleri mobilizlemegiň hem degişlidigi bellenilýär.
Mundan başga-da, birleşik gurakçylyga durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki işlerden ýokary peýda gazanmak üçin BMG-niň Baş sekretary we Bütindünýä Meteorologiýa guramasy tarapyndan başlanan irki duýduryş ulgamlary bilen ählumumy gurşawy üpjün etmek başlangyjy we dürli sebit başlangyçlary ýaly beýleki platformalar bilen hem hyzmatdaşlyk eder.