Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Gazagystanyň halky tarapyndan edilen saýlaw Siziň ýurdy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen esasy ugruňyza giňden düşünilýändigini we goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek görkezýär. Siziň baştutanlygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň geljekde-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna, halkara giňişlikde öz abraýyny ýokarlandyrmagyny dowam etdirjekdigine ynanýaryn. Biz Türkmenistanda Siziň türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işleriň hem-de gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.