Gurluşykda 3D çap etmek, ýagny üç ölçegli äpet printerler arkaly guýup ýasamak usuly çalt ösýär. Tehnologiýanyň ösmegi bu usulyň has arzan bolmagyna ýardam edýär. Şeýle bolansoň, adatdakydan tapawutlylykda jaýlaryň diwarlary daşyndan galyp bolmazdan, guýmak arkaly gurulýar. Bu ýagdaýda diwaryň ähli ýeri birmeňzeş materialdan ýasalyp, has berk bolýar. şeýle hem bu usul islendik şekilde we ululykdaky diwarlary guýmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde daşky tebigat bilen sazlaşykly, şol ýerdäki howanyň ýagdaýyna görä, Gün şöhlesinden has köp peýdalanyp bolýan jaýlary gurup bolýar. Mundan ozal 3D çap usulynda gurulýan jaýlar bar hem bolsa, ABŞ-nyň Tehas ştatynda has uly taslama durmuşa geçirilip başlandy. Bu ýerde 3D çap etmek arkaly 100 öýden ybarat ýaşaýyş toplumyny gurmak boýunça ägirt uly taslama durmuşa geçirilýär. Awtomatlaşdyrylan robotlar eýýäm gurluşyk işlerine girişdiler. Bu usulda ilki diwaryň gurluşygynda ulanyljak garyndy taýýarlanýar. Bu garyndy ähli babatda talaba laýyk, düzümi endigan garylan bolmaly. Ähli zat taýýar edilenden soňra, awtomatlaşdyrylan enjamlar bellenen dizaýna laýyklykda garyndyny guýup başlaýarlar. Meýdany 146-194 metr aralygynda üýtgeýän bu jaýlaryň esasy diwarlary we sütünleri gurlandan soňra gapydyr aýnalaryny işçiler oturdýar.

Hünärmenler täze tehnologiýalaryň we täze materiallaryň ulanylmagynyň has çydamly we amatly bolýandygyny bellediler. Jaýlar ähli zerur talaplary kanagatlandyrýar, energiýa tygşytly we ýaşamak üçin amatly. Mundan başga-da, sarp ediljek energiýa Gün panelleri arkaly üpjün edilýär.

Serdar Arçaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy