Golaýda ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) Aýyň orbitasyna emeli hemra iberdi. “Artemis” taslamasynyň çäklerinde uçurylan “Orion” atly kosmos gämisi Aýyň orbitasyna çykarylmak maksady bilen uçuryldy. Bu taslama ýolbaşçylyk edýän Howard Hu ýakyn geljekde Aýda astronawtlaryň yzygiderli ýaşajakdygyny mälim etdi. Şeýlelikde, soňky gezek 1972-nji ýylda aýak basylan asman jisimine ýarym asyrdan soňra adamzat gaýdyp barar.
“Artemis 1” taslamasynyň çäklerinde uçurylan kosmos gämisi Aýyň orbitasyndaky aýlawlaryny tamamlandan soňra Ýere gaýdyp geler. Hunuň sözlerine görä, “Artemis 1” taslamasynyň mundan soňky tapgyrlarynda Aýyň ýüzünde hemişelik ýaşamak üçin işe girişiler. Ylmy maksatly bu taslamalaryň çäklerinde Ýeriň hemrasynyň polýusynda suw gözlener. Geljekde, bolsa, kosmosyň has çuň giňişliklerine aralaşmak üçin Aý aralyk duralga hökmünde hyzmat eder.
Muhammetgylyç Tejendurdyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.