Maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän “Kaspersky Lab” kompaniýasy akylly awtoulaglary goramak üçin öz “KasperskyOS” amaly ulgamyna esaslanýan tehnologiýany işläp taýýarlaýar. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Russiýada internete birigip bilýän awtoulaglaryň takmynan 12 milliona golaýy bar. Kompniýa şeýle ulaglaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin aýratyn şlýuzany (KASG) kämilleşdirýär. Bu enjam telematikada ýa-da ulagyň merkezi bölüminde oturdylyp bilner. Şeýle çözgüt ulagy maglumat howpsuzlygy babatda gorap saklap, elektron bölekleriniň kabelsiz geçiriji arkaly “täzelenmegini” üpjün eder. Şeýle hem awtoulagyň içerki multimediýa ulgamy arkaly sürüş howpsuzlygyna degişli dürli ýazgylary ýygnamaga mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda awtoulaglaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy barha kämilleşdirilip, sürüjiniň işi ep-esli ýeňilleşýär. Netijede, ulaglara dürli päsgelçilikleriň öňüni almaga niýetlenen täze abzallar oturdylýar. Bu enjamlar maglumatyň toplanmagy we gaýtadan işlenmegi esasynda işleýär. Şeýlelikde, maglumat howpsuzlygy diňe kompýuterler däl, eýsem awtoulaglar üçin hem ähmiýetli bolýar.

Saparmyrat Hanow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ mugallymy.