Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy 3nm çip­le­ri ön­dür­mek üçin “Nvidia” we “Qualcomm” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk eder. Hyz­mat­daş­ly­ga gö­rä, ko­reý bren­di “Nvidia” we “Qualcomm” kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin çip ön­dü­rer. Bu sar­gy­dy ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin iň soň­ky teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lar. “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esa­sy bäs­de­şi mer­ke­zi eda­ra­sy Tai­wan­da ýer­leş­ýän TSMC ha­sap­lan­ýar. Ko­reý bren­di bäs­deş­lik­de öňe geç­mek üçin şu ýy­lyň ba­şyn­da 3 na­no­metr çip önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýup­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, TSMC glo­bal çip önüm­çi­li­gi­niň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny üp­jün ed­ýär. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa 3 na­no­metr çip önüm­çi­li­gin­de has öň­de bar­ýar. “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, 3nm ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­ri­ni IBM kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de iş­läp taý­ýar­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy 3nm çip önüm­çi­li­gin­de “Nvidia”, “Qualcomm”, IBM, “Bai­du” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Aga­ly Ju­ma­na­za­row, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.