Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardaky kompaniýalaryň ýolbaşçylaryň azyndan 33 göteriminiň zenanlar bolmalydygy baradaky kanun teklibini kabul etdi. Şeýlelikde, kompaniýalaryň dolandyryjy işgärleriniň üçden biri zenanlardan ybarat bolup, her ýylda 1 gezek degişli edaralara bu barada maglumat bermeli bolarlar. Eger gender wekilçiligi ýerine ýetirilmedik bolsa, kompaniýalar bu maksada ýetmekleri üçin nähili maksatnama taýýarlandyklaryny mälim etmeli bolar. Bu düzgüni 2026-njy ýylyň iýunyna çenli durmuşa geçirmedik kompaniýalara pul jerimesi we beýleki jezalar berler.
Kanunda bellenen gender wekilçiligini ýerine ýetirmedik kompaniýalaryň dolandyryş geňeşi ýatyrylar. Bu düzgün 250-den az işgäri bolan kiçi we orta ölçegli edara-kärhanalara degişli bolmaz.
Ýewropa Komissiýasy agzalýan teklibi 2012-nji ýylda hödürläpdi. Emma Geňeş bu karary 10 ýyl “doňdurypdy”. Häzirki wagtda Geňeş tarapyndan tassyklanan karar gazetde çap edilenden soňra 20 günüň dowamynda güýje girer.
2021-nji ýyldaky maglumatlara görä, Ýewropa Bileleşiginde paýnamalary biržada hödürlenýän kompaniýalaryň dolandyryjy geňeşiniň agzalarynyň 30,6-sy zenanlardan ybarat. Bu babatda ýurtlaryň arasynda uly tapawut bar. Mysal üçin, Fransiýadaky iri kompaniýalaryň dolandyryjylar geňeşiniň agzalarynyň ortaça 45,3 göterimini zenanlar emele getirýän bolsa, Kipr Respublikasynda bu görkeziji 8,5 göterim.
PDF








