Häzirki wagtda Dünýä Kubogynyň geçirilýän Katar döwlet syýahatçylyk pudagyna hem uly maýa goýum goýdy. Dünýäniň iň uly sport çäreleriniň biri üçin ýurtda onlarça myhmanhana we syýahatçylyk desgalary guruldy. Ýurt geljek ýyllarda bu myhmanhanalary syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde hem peýdalanar. Katar 2030-njy ýyla çenli ýyllyk 6 million syýahatçyny kabul etmegi meýilleşdirilýär. Ýurtda 2010-njy ýyldan bäri infrastruktura ummasyz maýa goýum goýberildi. Dünýä Kubogy üçin bu ýurtda 150-den gowrak myhmanhana gurlupdyr. Myhmanhanalarda hödürlenýän hyzmatlaryň köp dürli bolmagy dürli gatlakdaky myhmanlary kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, güneşli ýurtda diňe bir syýahatçylyk möwsüminde däl, eýsem, ýylyň islendik paslynda hem syýahatçy kabul edip bilýär. Ýurduň köp ilatly ýurtlara golaý bolmagy hem syýahatçylaryň gelmegine ýeňillik döredýär.
Maglumatlara görä, ýurduň ykdysadyýetiniň şu ýyl 5,5 göterim ösmegine garaşylýar. Ýurt şu ýylyň birinji ýarymynda 729 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçy kabul edipdir. Katar 2030-njy ýyla çenli syýahatçylyk pudagynda alýan girdejisini jemi içerki önümiň 12 göterimine ýetirmegi meýilleşdirýär.
Aknur Mamedowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









