Braziliýanyň Gün energiýasy jemgyýeti (ABSolar) ýurduň milli elektrik energetika agentliginden alnan maglumatlary ýaýratdy. Oňa görä, ýurtda Günden energiýa alýan desgalaryň önümçilik kuwwatynyň 22 GW-a ýetendigi mälim edildi. Ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyna has köp maýa gönükdirýär. Ýylyň başynda ýurtdaky Gün panelli beketleriň önümçilik kuwwaty 13 GW eken. Bu bolsa, bir ýyldanam gysga wagtda önümçilik kuwwaty 9 GW bolan Gün beketleriniň gurlandygyny görkezýär. Şeýle hem 2016-njy ýylda arassa energiýanyň bu görnüşiniň önümçilik kuwwaty 148 MW eken.
“ABSolar”-yň wekilleri Gün energiýasynyň ýakyn geljekde ikinji gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi bolup, ýel energiýasyndan ozdurjakdygyny belleýär. Häzirki wagtda ýurtda sarp edilýän elektrik energiýasynyň 52 göterimden gowragy gidrobeketler arkaly üpjün edilýär. Şeýle hem ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýasynyň sarp edilişi 85 göterime ýetýär. Bu görkeziji dünýäde ortaça 38 göterim.
Döwletmyrat Bagibekow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby