23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyna seredildi.
Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň öňümizde ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ösüşiň milli, pudaklaýyn we sebit maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi hem-de 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň kabul edilmeginden öň, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça maksada okgunly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan işlenip taýýarlanylan we hödürlenen taslamalara Milli Geňeşiň Mejlisiniň şu ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky ýigrimi birinji maslahatynda seredildi hem-de olar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna ugradyldy.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de degişli hünärmenleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 25-nji maýyndaky ýörite Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi barada habar berdi.
Döwlet býujetinde durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň paýy 74,9 göterime deňdir. Şunuň bilen baglylykda, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryna, halk hojalygyna meýilleşdirilen pul serişdeleri barada giňişleýin habar aýdyldy.
Çykyşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda ykdysady syýasatda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini düzgünleşdirmek, täze iş ýerlerini döretmek boýunça çärelere möhüm ornuň beriljekdigini hem-de geljek ýylyň Döwlet býujetinde Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylan maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulandygy barada habar berdi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Aşgabat şäherinden agzasy G.Agaýew, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Ahal welaýatyndan agzasy E.Ataýewa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Balkan welaýatyndan agzasy M.Atagylyjowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Daşoguz welaýatyndan agzasy S.Gaýypow, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Lebap welaýatyndan agzasy B.Halow, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Mary welaýatyndan agzasy H.Hajyýew dagylar çykyş etdiler.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we talabalaýyk dolandyrmagyň ählumumy derejede örän möhüm sorag bolup durýandygyny belledi. Döwlet býujeti ähli ýerde ykdysady meýilnamalaşdyrmagyň möhüm guraly hasaplanýar. Biziň Döwlet býujetimiz ýurduň maliýe serişdelerini emele getirmegiň usullaryny we görnüşlerini kesgitleýär. Şeýle hem bu serişdeleriň talabalaýyk we maksatlaýyn ulanylmagyny üpjün edýär.
Elbetde, Döwlet býujeti işlenip taýýarlananda, ýurduň ykdysady ösüşiniň geljegi, daşary ýurt pul gorlary, milli puluň hümmeti, maýa goýum syýasaty, maliýe bazarynyň ýagdaýy ýaly soraglaryň göz öňünde tutulmalydygyny bellemek isleýärin. Bu soraglaryň esasy bölegi maliýe-bank ulgamynyň wezipesi bilen baglydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy: «2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti bu resminamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýärmi?» diýen sowal bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny seljerip görmegi teklip etdi.
Döwlet býujetiniň kadaly işlemegi üçin, ilkinji nobatda, onuň girdeji bölegini üpjün etmek möhümdir. Elbetde, onuň girdeji bölegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bellenen fiziki we ýuridik şahslardan alynýan salgytlardan we ýygymlardan, şeýle hem hökmany töleglerden we çeşmelerden emele gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň gazna bazaryny ösdürmek, eksporta niýetlenen önümçilik kärhanalaryny goldamak ýaly işler Döwlet býujetiniň girdeji bölegini artdyrmagyň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bellenilişi ýaly, goşmaça serişdeleri netijeli ulanmagyň hasabyna girdejileriň möçberini iň ýokary derejä çykarmak üçin degişli çäreler görülýär.
Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi barada aýdyp, ilkinji nobatda, onuň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini artdyrmak üçin göz öňünde tutulandygyny belledi. Biz döwlet derejesinde adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny we olaryň zähmetine hak tölemegi üpjün etmek bilen bagly soraglara hemişe üns berýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýyl 10 göterim artdyrylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda: «Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?» diýen sowallar ýüze çykýar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy adamlar hakynda alada etmek üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini belledi.
Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky soraga ýene-de bir gezek seretmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3 manada çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr. Biz, ilkinji nobatda, hut şundan ugur almalydyrys diýlip nygtaldy.
Ýurdumyzda düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri her ýyl artdyrylýar. Ýokarda agzalan Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda 1 milliard 354,59 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutuldy. Elbetde, bu serişdeler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende has artykdyr.
Döwlet ösüp gelýän ýaş nesliň aň-düşünjeli, bilimli bolmagy ugrunda hem ýeterlik derejede alada edýär. 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri artdyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy. Şonuň bilen birlikde, aýdylanlar nazara alnyp, býujetiň degişli maddalaryny gaýtadan hasaplamak tabşyryldy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 5 hassahana, 11 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 8 sany umumybilim berýän edara, 1 sany ýokary okuw mekdebi we 1 teatr gurlar.
Ylym ulgamyny ösdürmäge hem köp möçberde býujet serişdeleri gönükdirilýär. Ýöne Ylymlar akademiýasynyň işi seljerilende, entek garaşylýan netijeler görünmeýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy oba hojalygyny, aýratyn hem, ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, işiň bu görnüşleriniň Döwlet býujetindäki orny bilen bagly soraglar barada durup geçdi.
2023-nji ýylda uly netijeleri gazanmak üçin maýa goýumlaryny, esasan, diwersifikasiýanyň, innowasion esasda önümçilikleri döretmegiň hasabyna ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirmek maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Biz bu mümkinçiliklerimizi mähriban halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýäris. Bu işler hem Döwlet býujetinde hökmany beýan edilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýratyn belledi.
Çykyşyň dowamynda telekeçiligi we hususy pudagy ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Ýöne, bellenilişi ýaly, Döwlet býujetinde telekeçileri goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak üçin serişdeler ýeterlik mukdarda göz öňünde tutulmandyr.
Içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, döwlet desgalaryny we kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça bellenen serişdeler ýeterlik däl diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Ahyrky netijede bolsa, bu işleriň ählisi býujetde jemlenýän girdejileriň möçberleriniň artdyrylmagyna getirmelidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Çykdajylary artdyrmagyň beýleki ugry bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň sanyny köpeltmek we eksporta niýetlenen harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, azyk üpjünçiligini gowulandyrmaga, elektron senagatyny döretmäge gönükdirilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de bu işler üçin maliýe serişdeleriniň ýeterlik möçberde göz öňünde tutulmagyny örän möhüm hasaplaýandygyny belledi.
Mähriban halkymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 2687 sany täze iş ornuny döretmek, döwlet serişdeleriniň hasabyna 14,44 müň inedördül metr we hususy pudagyň hasabyna 436,38 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde her bir adama ýaşaýyş meýdanyny 23,4 inedördül metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Şoňa görä-de, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly soraglary çözmek boýunça çäreler Döwlet býujetinde ýeterlik göz öňünde tutulmandyr. Geçen ýyllardaky ýaly, Döwlet býujetinden durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň möçberi onuň 70 göteriminden ýokary geçmelidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Şu aýdylanlar 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna bildirilýän esasy talaplardyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasynyň üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi.
Biziň alyp barýan ähli işlerimiz eziz Watanymyzy ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bellenen maksatlary durmuşa geçirmek üçin biziň her birimiz öz ýerimizde ak ýürekli, yhlasly, netijeli we döredijilikli işlemelidiris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de hemmeleriň bu işlere öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.