Türkmen halkynyň baý taryhy bolup, her bir milli eserini sungat derejesine ýetirmegi başarypdyr. Nagyşçylyk, bezegçilik sungatyny kämilleşdirmekde hem halkymyz uly meşhurlyk gazanypdyr. Nagyşçylyk, bezegçilik gadymyýetden gözbaş alyp gaýdyp, türkmen halkynyň nepis halylaryna, egin-eşiklerindäki nagyşlaryna, zergär önümleriniň nagyşlaryna siňipdir.

Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­nyň türkmen edebiýaty we seýrek neşirler bölüminde nagyşlar baradaky kitaplar saklanýar. Me­tal­dan, daş­dan, bi­şi­ri­lip ýasalan senetçilik önümleri türk­men halk çe­per­çi­lik sun­ga­ty­nyň iň­ňän ga­dym­dan gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň he­mi­şe­lik ser­gi zal­la­ryn­da, şeý­le-de gaz­na­syn­da ke­ra­mi­ka­da­ky na­gyş­lar­dan baş­lap, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri­ne si­ňen na­gyş­lar go­ra­lyp sak­lan­ýar we yl­my esas­da öw­re­nil­ýär. Türk­men hal­ky­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty köp ugur­ly bo­lup, ha­ly, ke­çe, egin-eşik, zer­gär­çi­lik sun­ga­tyn­da­ky na­gyş­lar özü­niň köp­dür­lü­li­gi, her na­g­şyň bir ma­ny aň­lad­ýan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Na­gyş­lar çe­per el­li ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ze­hi­nin­den, ugur­ta­py­jy­ly­gyn­dan dö­räp­dir. Olar dur­muş­da­ky wa­ka­la­ry, te­bi­ga­tyň tä­sin ösüm­lik­dir, haý­wa­nat dün­ýä­si­ni, geo­met­rik şe­kil­le­ri, hy­ýa­ly şe­kil­le­ri sün­nä­läp, na­gyş gör­nü­şi­ne ge­ti­rip­dir­ler. Mil­li gö­zel­lik ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň owa­dan ly­bas­la­ryn­da, us­sat zer­gär­le­riň olar üçin ni­ýet­läp ýa­san al­tyn-kü­müş be­zeg şaý­la­ryn­da jem­le­nen bol­sa ge­rek. Na­gyş­la­ryň şeý­le köp­dür­lü­li­gi­ni, daş­ky dün­ýä bi­len bag­la­ny­şy­gy­ny ola­ryň at­la­ryn­dan hem bil­se bol­ýar: «dag­dan», «go­çak», «gü­jük yzy», «ak guw», «da­ragt», «erik gül», «pür-pu­dak», «ar­man», «çar­hy pe­lek» ýa­ly aja­ýyp na­gyş­lar hä­zir­ki gün­le­re çen­li äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män gelipdir. Ga­dy­my nus­ga­la­ryň tä­ze na­gyş­lar bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy, tä­ze bi­çüw­ler bi­len saz­laş­dy­ryl­ma­gy bol­sa ola­ry has-da gö­ze ýa­kym­ly gör­kez­ýär. Müň­ýyl­lyk­la­ryň yzy ga­lan na­gyş­la­ryň, keş­de­le­riň ne­pis­li­gi, in­çe­li­gi gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Ola­ryň türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň ene­den gy­za, ge­lin­den bal­dy­za ge­çip gel­ýän el hü­nä­ri­di­gi hem­mä­mi­ze mä­lim ha­ky­kat. Gyz­ja­gaz­lar keş­de öw­re­nen­de il­kin­ji keş­de­län za­dy­ny ili­me-gü­nü­me peý­da­ly bol­sun di­ýip oba­da­ky sylanýan gar­ry enä be­rip­, onuň alkyş-dogasyny alypdyrlar. Şeý­di­bem eli çe­per gyz­lar bo­lup ýe­ti­şip­dir­ler. Gö­zel­lik bir um­man, onuň aňyr­sy­na-bär­si­ne göz ýet­me­ýär.
Ene-ma­ma­la­ry­my­zyň sün­nä­läp çe­ken keş­de­le­ri, do­kan ha­ly­la­ry we beý­le­ki el iş­le­ri ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri dün­ýä ýü­zün­de ta­na­lyp, uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dyr. Olar asyr­lar­dan asyr­la­ra ge­çip, aýaw­ly sak­la­nyp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­, barha kä­mil­leş­ýär, döw­re­bap­laş­ýar. Gö­zel­lik­de ta­ýy bol­ma­dyk ze­nan­la­ryň on bar­ma­gy­nyň hü­nä­rin­den, ýü­rek ar­zu­wyn­dan dö­rän keş­de­ler türk­men ze­na­ny­nyň dur­mu­şy­ny, dün­ýä­si­ni be­ze­mek bi­len onuň kal­by­na gö­zel­lik çoý­ýar.
Özün­de aja­ýyp bir dün­ýä­ni jan­lan­dyr­ýan ze­nan­la­ry­my­zyň yl­ha­myn­dan dö­rän na­gyş­lar ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň naý­ba­şy­sy­dyr. Na­gyş­lar­da türk­men ze­na­ny­nyň eli­niň çe­per­li­gi­ni, sa­byr-ta­ka­dy­ny, ka­na­gat­ly­ly­gy­ny gör­mek bol­ýar. Ze­nan­la­ry­my­zyň on bar­ma­gy­nyň hü­nä­ri bi­len dö­re­ýän, kal­by­nyň nu­ry si­ňen, älem­go­şar öwüş­gin­li aja­ýyp keş­de­ler ba­bat­da hem şeý­le. Toý ly­ba­sy­ny ge­ýen ge­lin-gyz­la­ry­my­zy ýa-da dü­kan­la­ry­my­zy be­ze­ýän mil­li ly­bas­la­ry­my­zy gö­re­niň­de, ola­ry syn­lap doý­ma­ýar­syň. Ola­ry dö­red­ýän ze­nan­la­ryň çe­per­li­gi­ne haý­ran gal­ýar­syň.
Hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­zyň baý dur­muş tej­ri­be­si esa­syn­da top­la­nan, jem­gy­ýe­tiň ru­hy baý­lyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len gym­mat­lyk­la­ry­my­zy öw­ren­mek, ola­ryň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak, ha­sa­ba al­mak we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la­lar edil­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Preziden­ti­miz mil­li mi­ra­sy­my­zy ös­dür­mä­ge uly ýol aç­dy. Asyl nus­ga­da­ky bi­çüw­ler­dir keş­de­ler ýi­ti­ril­män, has-da kä­mil­leş­di­ri­lip ze­nan­la­ry­my­zyň gül keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­ýär.

Nar­täç AB­DY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­nyň esa­sy ki­tap­ha­na­çy­sy.