“Orion” kosmos gämisi Aýyň 130 kilometr üstünden uçup geçdi. Enjama oturdylan kameralar Aý kraterleriniň  jikme-jik görnüşde seljermäge mümkinçilik berýän suratyny aldy. Bu barada “New Scientist” neşiri habar berýär.

“Orion”-yň optiki nawigasion kamerasynyň kömegi bilen Aýyň Ýerden görünmeýän aňry tarapynyň hem gara-ak reňkli täze suraty alyndy.

“Orion” ABŞ-nyň we Ýewropanyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan köp maksatly ulag kosmiki gämisidir. 16-njy noýabrda ol “Space Launch System” (SLS) raketasyna berkidilip Aýa tarap ugur aldy.