Çopantelpek dermanlyk ösümlikleriň biri bolup, halk lukmançylygynda asyrlarboýy agyryny gowşadyjy, köşeşdiriji, damar giňeldiji hem-de sowuklama garşy tebigy serişde hökmünde ulanylypdyr. Bu dermanlyk otunyň guradylan güllerinden demlenen çaý has-da peýdalydyr. Çopantelpekli çaýyň düzüminde antioksidantlaryň köp mukdary saklanyp, birnäçe gaýra üzülmeleriň öňüni alýar.
Ukusyzlyga peýdaly. Alymlar ukusyzlykdan ejir çekýänlere çopantelpekli çaý içmegi maslahat berýärler. Bu melhem çaýy dartgynlylygyň derejesini azaldyp, adamyň rahatlanmagyna kömek edýär. Şeýle hem beýnidäki gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar.
Iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde çopantelpekli çaýyň aşgazan-içege ulgamynyň işini ýeňilleşdirýändigi ýüze çykaryldy. Bu melhemiň içgeçmä, çişmä garşy häsiýetleri bolup, aşgazandaky kislotany azaldýandygy sebäpli, ýaralaryň çalt bitmegine-de haýyrlydyr.
Kesellerden goraýar. Çopantelpekdäki antioksidantlar ýürek-damar ulgamynda hem-de düwnük öýjüklerinde duş gelýän alamatlary azaldyp, ýüregiň kadaly işlemegine, gan aýlanyşynyň kadaly derejede saklanmagyna kömek edýär. Şeýle hem gandaky şekeriň köpelmeginiň öňüni alyp, aşgazanasty mäziniň öýjüklerine zeper ýetmekden goraýar.
Çopantelpek önümçilik pudagyndaky çig mallaryň biri bolup, parfýumeriýa serişdelerini taýýarlamakda efir ýagyndan peýdalanylýar. Şeýle hem bu ösümligiň güllerinden gijilewükli täsirlere garşy biologik şampun hem öndürilýär.