Ýokary depginde dowam edýän Katar 2022 Dünýä Kubogynyň 8-nji gününde-de 4 duşuşyk oýnalar. Olaryň iň esasy 2 çempionyň – Ispaniýa bilen Germaniýanyň arasyndaky oýun bolar.

Günüň ilkinji oýny 15:00-da başlap, Ýaponiýa bilen Kosta Rika duşuşar. Angliýaly Maýkl Oliweriň jürlewük çaljak oýny “Ahmad bin Ali” stadionynda oýnalar. Bu olaryň arasynda 5-nji duşuşyk mundan öňki 4 oýunda ýaponlar 3 gezek ýeňipdi (1 deňlik).

Belgiýa – Marokko 28 ýyldan soň Dünýä Kubogynda duşuşýar

Günüň 2-nji duşuşygynda Belgiýa bilen Marokko güýç synanyşar. 18:00-daky duşuşyga meksikaly Sezar Artur Ramos eminlik eder. “Al Thumama” stadionyndaky duşuşyk 2 toparyň arasyndaky 4-nji duşuşyk bolar. Mundan öňki 3 oýnuň 2-sinde Belgiýa ýeňipdi. 1 oýunda-da Marokko ýeňiş gazanypdy.

Günüň 3-nji duşuşygy 21:00-da başlar. “Khalifa International” stadionynda oýunda Horwatiýa bilen Kanada özara güýç synanyşar. Iki toparyň arasyndaky ilkinji oýna urugwaýly Andres Matorite eminlik eder.

FINALA BARABAR DUŞUŞYK

Günüň iň soňky oýny köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygy bolup, 1 çempionlygy bolan Ispaniýa bilen 4 çempionlygy bolan Germaniýa duşuşýar. 00:00-da “Al Bayt” stadionynda başlanjak duşuşyga Niderlandlardan Danni Makkeli eminlik eder. 1-nji oýunda Kosta Rikanyň derwezesinden jogapsyz 7 gol girizen Ispaniýa bilen 1-nji oýunda Ýaponiýadan garaşylmadyk ýagdaýda utulan Germaniýa mundan öň 25 gezek özara duşuşdylar. Şolarda Germaniýa 9, Ispaniýa 8 gezek ýeňiş gazandy. 8 oýun deňlikde gutaryp, gollarda Ispaniýa 31-30 öňde. Iki topar Dünýä Kubogynyň çäginde 5-nji gezek gabatlaşarlar. Öňki duşuşyklarda Germaniýanyň 2 (1966, 2-1; 1982, 2-1), Ispaniýanyň 1 (2010 final, 1-0)  ýeňşi bar. 1 duşuşyk (1994, 1-1) hem deňlikde tamamlandy.