Ýaponiýanyň “Mazda” kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ulag satuwyny artdyrmak maksady bilen täze modelleri işläp taýýarlaýar. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli global derejede elektroulag satuwyny 40 göterime ýetirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin “Mazda” Hytaýyň “Envision” şereketi bilen bilelikde 2030-njy ýyla çenli 10,6 milliard dollar maýa goýum özleşdirer. “Envision AESC” elektroulag batareýalaryny öndürýär. “Mazda” bu hyzmatdaşlyk üçin 2030-njy ýyla çenli 1,5 trillion ýen maýa goýum özleşdirer. Bu maýa goýum ylmy barlaglary hem öz içine alar. Şeýle hem ýapon brendi bu ulaglaryň tehnologiýasyny kämilleşdirmek üçin beýleki ýedi kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edendigini mälim etdi. Kompaniýa 2026-njy ýylda tamamlanýan maliýe ýylynda 2022-nji ýyldakydan 45 göterim köp, jemi 4,5 trillion ýen satuwy amala aşyrar. Mundan başga-da kompaniýa Ýaponiýadaky zawodlarynda elektroulag önümçiligini artdyrar.
Ýalkapberdi Begmyradow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby
PDF









