Elektrulag üçin 10 milliard dollardan gowrak maýa goýum özleşdirer

113

Ýa­po­ni­ýa­nyň “Maz­da” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag sa­tu­wy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len tä­ze mo­del­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ýar. Kom­pa­ni­ýa 2030-njy ýy­la çen­li glo­bal de­re­je­de elekt­rou­lag sa­tu­wy­ny 40 gö­te­ri­me ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mu­nuň üçin “Maz­da” Hy­ta­ýyň “Envision” şe­re­ke­ti bi­len bi­le­lik­de 2030-njy ýy­la çen­li 10,6 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rer. “Envision AESC” elekt­rou­lag ba­ta­re­ýa­la­ry­ny ön­dür­ýär. “Maz­da” bu hyz­mat­daş­lyk üçin 2030-njy ýy­la çen­li 1,5 tril­li­on ýen ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rer. Bu ma­ýa go­ýum yl­my bar­lag­la­ry hem öz içi­ne alar. Şeý­le hem ýa­pon bren­di bu ulag­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin beý­le­ki ýe­di kom­pa­ni­ýa bi­len hyz­mat­daş­lyk eden­di­gi­ni mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa 2026-njy ýyl­da ta­mam­lan­ýan ma­li­ýe ýy­lyn­da 2022-nji ýyl­da­ky­dan 45 gö­te­rim köp, je­mi 4,5 tril­li­on ýen sa­tu­wy ama­la aşy­rar. Mun­dan baş­ga-da kom­pa­ni­ýa Ýa­po­ni­ýa­da­ky za­wod­la­ryn­da elekt­rou­lag önüm­çi­li­gi­ni art­dy­rar.

Ýal­kap­ber­di Beg­my­ra­dow, Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by