“The Economist” neşiri dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawyny mälim etdi. Täze sanawa görä, Nýu-Ýork bilen Singapur öňdeligi eýeleýär. Neşir tarapyndan taýýarlanan Dünýäde ýaşaýşyň gymmaty atly hasabatda 172 iri şäherde ýaşaýşyň bahasynyň geçen ýyla görä, 8,1 göterim artandygyny görkezýär. Geçen ýyl birinji bolan Tel Awiw bu ýylky sanawda üçünji orna düşüpdi. Gonkong bilen Los-Anjeles ilkinji bäşlige giripdir. Sýurih, Ženewa (Şweýsariýa), Pariž (Fransiýa), Kopengagen (Daniýa) we Sidneý (Awstraliýa) ilkinji onluga giripdir. Aziýadaky şäherlerde ýaşaýşyň bahasy has az – 4,5 göterim artypdyr.
Stambul, Buenos-Aýres we Tähran hümmetsizlenmegiň iň köp duýlan şäherleri bolupdyr. Maglumatlara görä, ýerli pul birligi Stambulda 86 göterim, Buenos-Aýresde 64 göterim we Tähranda 57 göterim hümmetini ýitiripdir.
Şeýle hem Stambul we Kolomboda (Şri-Lanka) ýangyjyň bahasy ýerli pul bilen hasaplananda, degişlilikde, 148 göterim we 189 göterim gymmatlapdyr.