“Airbus” kompaniýasy has arassa ýangyçly uçar tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar. Kompaniýanyň wekilleri wodorod ýangyjy bilen işleýän uçar hereketlendirijisini işläp taýýarlaýandyklaryny mälim etdi. Mundan ozal “Rolls-Royce” we “Easyjet” kompaniýalary dünýäniň ilkinji wodorod ýangyçy uçar motoryny öndürendiklerini mälim edipdi. Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasy bolsa, 2035-nji ýyla çenli howany hiç hili hapalamaýan uçar öndürmegi maksat edinýär. Bu uçaryň motorlary wodorody gönüden-göni ýakman, bu ýangyçdan elektrik energiýasyny öndürer. Elektrik energiýasy bolsa, uçaryň perlerini aýlar. Ilkinji nobatda, 100 orunlyk, 2 müň kilometr ýol geçip bilýän howa gämileri öndüriler. “Airbus” kompaniýasy şeýle howa gämisini “A380 MSN1” uçarynyň bazasynda işläp taýýarlar.
Zaman Kulyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.