2017-nji ýylda Bütindünýä saglyk gününiň (World Health Day) baş mowzugy – depressiýadan ejir çekýänlere bagyşlanyp, “Geliň, gürleşeliň!” diýen şygar astynda geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, ruhy keseller global ykdysadyýete her ýylda 1 trillion dollar möçberinde zyýan ýetirýän eken.
Durmuşda saglykdan gymmatly zat ýokdur. Dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak adamyň hemişe juwan we ruhubelent bolmagyna mümkinçilik berýär. Raýatlaryň saglygyny goramak her bir ösen döwletiň baş maksadydyr. Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni hem hut şu maksat bilen geçirilýär. Ol nähili baýramçylyk we nähili ýüze çykypdyr?
Bütindünýä saglyk güni 1948-nji ýyldan bäri bellenilýär. Saglygyň möhümdigini adamlara görkezmek maksady bilen, ol her ýylda bellenip geçilýär. Şol günler saglyk bilen baglanyşykly has ýiti meseleler dünýä derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýar we saglygy goraýyş guramalarynyň öňünde birnäçe meseleler goýlup, olaryň çözgütleri gözlenilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzalary yzygiderli maslahatlary geçirip, onda dürli ýurtlaryň wekilleri dürli nutuklar bilen çykyş edýärler. Onuň 1948-nji ýylda geçirilen ilkinji maslahatynda Bütindünýä saglyk gününi geçirmek barada karar kabul edilýär.
Bütindünýä saglyk güni her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň döredilen gününe bagyşlanyp bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk jemgyýetiň ynsan saglygynyň näderejede wajypdygy hakda oýlanmagy, şeýle hem diňe bir öz saglygyň däl-de, eýsem, töweregiňdäkileriň saglygy barada hem pikir etmelidigini ýatladýar. Dünýä derejesinde geçirilýän bu çäre adamlaryň saglygyny we eşretli durmuşyny goramak maksady bilen, bilelikdäki tagallalary amala aşyrmaga Ýer togalagynyň her bir ýaşaýjysynyň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
Bu dünýä derejesindäki çäre bolup, onuň esasy maksady aýratyn alnan meselä ünsi gönükdirmekden ybarat. Guramaçylar her ýyl dürli mowzuklary saýlap, onuň çözgütlerine oýlanyşykly çemeleşýärler. Mysal üçin, Bütindünýä saglyk güni 2014-nji ýylda zyýanly mör-möjekleriň çakmagyna we onuň netijelerine bagyşlandy. 2015-nji ýylda “Azyk howpsuzlygy” diýen şygar astynda geçen bolsa, 2016-njy ýyl “Süýjükeselden üstün çykarys!” diýen şygar astynda geçirildi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär. BSGG özüniň esaslandyrylan gününden beýläk köp sanly meseleler bilen meşgullanyp, onuň hünärmenleri häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmegiň ýollaryny gözleýärler. BSGG-niň şygary astynda hemişe saglygy goramak bilen baglanyşykly maksatnamalar amala aşyrylýar. Mysal üçin, 2000-nji ýylda Müňýyllygyň deklerasiýasy kabul edilip, oňa laýyklykda, ösen ýurtlar çaga ölümi we AIDS bilen göreşmäge borçlandyrylýar, şeýle hem, lukmançylyk serişdeleriniň elýeterliligine ýardam edýär.