Döwrebap romanlaryň ilkinji nusgalarynyň biri hökmünde kabul edilýän dünýä belli «Don Kihot» eseriniň gadymy nusgalarynyň ikisi «Sotheby’s» auksion öýüniň Pariždäki şahamçasynda satuwa çykarylar. 14-nji dekabrda guraljak auksionda ispan ýazyjysy Migel de Serwantesiň kitaplarynyň her biriniň 400-600 müň ýewro aralygynda satylmagyna garaşylýar. Boliwiýaly bir diplomat we magdan söwdasy bilen meşgullanan Horge Ortis Linares tarapyndan 1940-njy ýyllarda satyn alnan kitaplaryň eseriň birinji bölüminiň üçünji neşiri we ikinji bölüminiň birinji neşiridigi mälim edildi.
Auksion öýüniň kitap we golýazmalar bölüminiň başlygy An Heýlbronn kitabyň eýesiniň 1936-njy ýylda Londondaky meşhur Maggs kitap dükanynda bu eseriň birinji bölümi üçin 100 funt sterling (häzirki kurs bilen 5 müň 600 funt sterling), ikinji bölümi üçin bolsa, 750 funt sterling (häzirki kurs bilen 42 müň funt sterling) töländigini aýtdy.
Şondan bäri köpçülige görkezilmedik kitaplar auksiona çykarylmazdan ozal Londondaky «Sotheby’s» auksion öýünde sergide goýlar.
Auksion öýi Don Kihotyň birinji bölüminiň ilkinji neşirleriniň seýrekdigini, sebäbi, olaryň köpüsiniň Günorta Amerika iberilende, Kuba golaýlanda gäminiň «gark bolmagy» bilen ýitip gidendigini belleýär.
1608-nji ýylda çap edilen edilen üçünji neşir bolsa, Serwantesiň soňky gezek redaktirläp, çap etdiren neşiri hasaplanýar. Häzirki wagtdaky neşirleriň ählisi şol nusgadan alnan.
Bu kitaplaryň gymmatly bolmagyna sebäp bolýan ýene bir tarapy XVIII asyrda iňlis kolleksiýaçylarynyň biri üçin ýörite jiltlenendigidir.
Ortisiň auksiona çykaryljak ýene-de başga eseri hem bar. Olar Serwantesiň 1613-nji ýylda neşir edilen «Öwüt beriji nowellalar» (Novelas ejemplares) atly eseriniň ilkinji neşiri hem-de ispan ýazyjysy Garsilaso de la Weganyň «La Florida del Inca» (1605ý) eseri bar.
Ortisiň kolleksiýasyndan jemi 83 eser auksiona çykarylyp, bahalaryň 1,8 million bilen 2,5 million ýewro aralygynda bolmagynda garaşylýar.
Serwantesiň «Don Kihot» (Don Quixote) eseri dünýä nusgawy edebiýatynyň nusgawy eserleriniň biri hasaplanýar. Dünýäniň iň köp okalýan kitaplaryň biri bolan «Don Kihot» 40-a golaý dile terjime edildi.